Futbolda täze şertnamalar dowam edýär
Mýunheniň «Bawariýa» kluby Daýo Upamekanonyň topar bilen şertnamasyny uzaldandygyny resmi taýdan yglan etdi. Fransuz goragçy bilen täze ylalaşyk 2028/2029 möwsüminiň ahyryna çenli güýje girer. Soňky aýlarda futbolçy barada dürli myş-myşlar barha köpelipdi, sebäbi onuň öňki şertnamasy ýakyn tomusda tamamlanmalydy.

27 ýaşly oýunçy «Bawariýada» bäşinji möwsümini geçirýär. Bu döwürde ol 180 resmi duşuşykda meýdança çykyp, 6 gol we 11 asist etdi. Mýunhen kluby häzirki wagtda Germaniýanyň çempionatynda öňdeligi saklap, ikinji orundaky Dortmundyň «Borussiýasyndan» 6 utuk öňde barýar. 14-nji fewralda topar myhmançylykda «Werder» bilen duşuşar.
Angliýanyň «Brentford» kluby braziliýaly hüjümçi Igor Týago bilen täze zähmet şertnamasyny baglaşandygyny habar berdi. 24 ýaşly futbolçy bilen ylalaşyk 2031-nji ýylyň ortalaryna çenli niýetlenendir we şertnamada hyzmatdaşlygy ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi bar.

Týago 2024-nji ýylyň tomsundan bäri bu klubda çykyş edýär. Häzirki möwsümde ol 27 duşuşykda 18 gol geçirip, 1 asist etdi. Angliýanyň çempionatynyň 26 tapgyryndan soň «Brentford» 40 utuk bilen ýedinji ýerde ýerleşýär.
Senegally goragçy Kalidu Kulibali hem Saud Arabystanyň «Al-Hilal» kluby bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirer. Klub onuň şertnamasynyň 2027-nji ýylyň ortalaryna çenli uzaldylandygyny mälim etdi.

Kulibali 2023-nji ýylda bu topara goşulypdy, öň bolsa «Mets», «Genk», «Napoli» we «Çelsi» klublarynda çykyş etdi. Häzirki wagtda «Al-Hilal» Saud Arabystanyň Pro-ligasynyň ýaryş tertibinde öňdeligi eýeleýär, ikinji orundaky «Al-Nasr» bolsa bir utuk yzda barýar.
Şeýle hem, germaniýaly hünärmen Tomas Tuhel Angliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinde işini dowam etdirer. 52 ýaşly tälimçi bilen täze şertnama 2028-nji ýyla çenli baglaşyldy.

Ol 2025-nji ýylyň ýanwarynda milli ýygynda ýolbaşçy boldy we onuň ýolbaşçylygynda topar ABŞ-da, Kanadada hem-de Meksikada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Angliýa şol ýaryşda "L" toparçada Gana, Panama we Horwatiýa bilen güýç synanyşar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


