AFC CL2. Žezus: garşylaşma heniz gutaranok

AFK-nyň Çempionlar ligasy–2 ýaryşynyň 1/8 final tapgyryndaky ilkinji duşuşyk 11-nji fewralda Aşgabat şäherindäki "Olimpiýa" stadionynda geçirildi. Ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» öz meýdançasynda garşydaşyndan 0:1 hasabynda ýeňildi. Jogap duşuşygy 18-nji fewralda Saud Arabystanyň Er-Riýad şäherinde geçiriler.

Duşuşykdan soň geçirilen metbugat maslahatynda «Al-Nasr» klubynyň baş tälimçisi Žorže Žezus çykyş etdi. Bu barada "Turkmenportal" habar berýär.

Ol şeýle diýdi: "Indiki tapgyra çykmak heniz kepillendirilenok, sebäbi bize Er-Riýadda jogap duşuşygy garaşýar. Biz şu günki garşydaşymyza uly hormat goýýarys we şol oýna taýýarlyk göreris".

Duşuşygyň geçirilýän şertleri barada hem tälimçi aýratyn belledi: "Stadionda bolan ähli janköýerlere minnetdarlyk bildirýärin. Bu ýerde atmosfera örän gowy. Bu örän gowy stadion, bu örän gowy ýurt. Bu ýerde futbol üçin ähli şertler döredilipdir".

Jogap duşuşygyndaky düzüm barada soralanda bolsa şeýle jogap berdi: "Arkadaga garşy haýsy düzüm bilen çykjakdygymy aýdyp bilemok, sebäbi milli çempionatymyzda ýene bir oýnumyz bar".

Duşuşykda ýeke-täk goly geçirip, duşuşygyň iň gowy oýunçysy bolan hüjümçi Abdullah Al-Hamdan hem metbugat maslahatynda çykyş edip şeýle diýdi: "Bu örän kyn oýun boldy, ýöne biziň üçin iň möhümi ýeňiş gazanmagymyzdy. «Arkadag» gowy, güýçli garşydaş. Emma bize Er-Riýadda ýene bir duşuşyk garaşýar we onuň hem biziň peýdamyza tamamlanmagyna umyt edýärin".

Habarda bellenilişi ýaly, jogap duşuşygyndan öň «Al-Nasr» 14-nji fewralda milli çempionatynyň çäginde «Al-Fateh» bilen duşuşar. Soň bolsa 18-nji fewralda «Arkadag» Saud Arabystana baryp, jogap duşuşygy geçiriler. Bu garşylaşmadan ýeňiji bolan topar çärýek finalda «Al-Zawraa» (Yrak) – «Al-Wasl» (BAE) jübütiniň ýeňijisi bilen oýnar.