AFC CL2. "Al-Nasr" – "Arkadag" duşuşygyna taýýarlyga başlady
Saud Arabystanyň «Al-Nasr» kluby AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň 1/8 final tapgyrynda ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» bilen boljak duşuşyklar üçin taýýarlyga başlady. 8-nji fewralda klub öz sosial ulgamlarynda türgenleşikden surat paýlaşyp, onuň aşagynda indiki garşydaşynyň «Arkadag» boljakdygyny we ähli ünsüň şol oýna gönükdirilendigini mälim etdi.
Soňky duşuşyklarda birnäçe oýny goýberen Kriştianu Ronaldu hem türgenleşikde göründi. Bu ýagdaý portugaliýaly ýyldyzyň «Arkadag» bilen geçiriljek oýunlara gatnaşyp-gatnaşmajakdygy baradaky soraglary ýene bir gezek gün tertibine getirdi. Häzirki wagtda onuň meýdança çykjakdygy resmi taýdan tassyklanmasa-da, topar bilen taýýarlyk geçmegi çykyş etmek ähtimallygyny ýokarlandyrýar.

Ýatladyp geçsek, «Al-Nasr» bilen ýurdumyzyň çempiony «Arkadagyň» ilkinji duşuşygy 11-nji fewralda Aşgabatdaky "Olimpiýa" stadionynda sagat 18:45-de başlanar. Jogap oýun bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanda geçiriler.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


