La Liga. "Barselonanyň" transfer bergileri 158 million ýewro ýetdi
«Barselona» öňki ýyllarda amala aşyran transferleri boýunça tölegleri heniz hem doly ýapmady. Umumy galan bergi takmynan 158 million ýewro diýlip bahalandyrylýar. Bu barada "Transfer News Live" X sosial ulgamynda habar berýär.
Iň uly töleg «Lids Ýunaýtedden» alnan Rafinýa bilen bagly. Katalon kluby braziliýaly gapdal hüjümçi üçin heniz 42 million ýewro tölemeli.
Şeýle-de «Sewilýa» Žýul Kunde boýunça 25 million ýewro garaşýar. «RB Leýpsig» Dani Olmo transferi üçin 17,8 million ýewro almaly.
Beýleki borçnamalaryň arasynda «Mançester Siti» Ferran Torres üçin 13,8 million ýewro, «Bawariýa» bolsa Robert Lewandowskiniň transferi boýunça 9,7 million ýewro almaly bolup galýar.

Maglumatlara görä, maliýe durnuklylygyny saklamak üçin klub möwsümiň ahyryna çenli azyndan 140 million ýewro tölemeli.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


