RSL. Ronaldunyň nägileligi "Al-Nasr" bilen bagly däl

Meşhur futbol žurnalisti "Fabrizio Romano" Kriştianu Ronaldunyň «Al-Nasr» klubyndaky ýagdaýy barada giňişleýin maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, portugaliýaly ýyldyz bilen klubyň arasynda hiç hili dawa ýok. Ronaldu baş tälimçi, toparyndaky oýunçylar, janköýerler we klubyň ýolbaşçylary bilen doly gowy gatnaşyk saklaýar hem-de klubyň içindäki işlerden kanagatlanýar.

Nägileligiň esasy sebäbi bolsa has ýokarda — Saud Arabystanyň Döwlet maýa goýum gaznasy (PIF) bilen bagly. Bu gazna birnäçe kluba gözegçilik edip, býujetleriň paýlanyşyny, transfer strategiýasyny we umumy ösüş ugruny kesgitleýär. Ronaldunyň pikiriçe, serişdeler deň paýlanmaýar we aýratynlykda «Al-Hilal» ýaly garşydaş klublara artykmaç mümkinçilik döredilýär.

Şol sebäpli portugaliýaly hüjümçi ýolbaşçylara şert hem goýdy. Ol toparyň düzümine hakyky güýçlendirişleriň edilmegini talap edýär. Eger tomusky transfer döwründe ýagdaý üýtgemese, Ronaldu Saud Arabystany terk etmäge taýyndygyny mälim etdi.

Maglumatlara görä, häzirki ýagdaý sebäpli ol eýýäm birnäçe duşuşygy goýberdi we ýene-de oýunlara gatnaşmazlygy mümkin. Şeýle-de žurnalist kluby terk etmek barada häzirki wagtda «Al-Nasr» bilen gatnaşyklaryň kesilmegi ýaly wakanyň ara alnyp maslahatlaşylmaýandygyny aýratyn nygtady.

Şeýle-de, «Al-Nasr» öňde AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň 1/8 finalynda ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» bilen iki duşuşyk geçirer. Ilkinji oýun 11-nji fewralda Aşgabatdaky "Olimpiýa" stadionynda sagat 18:45-de başlanar, jogap duşuşyk bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanda bolar. Häzirki ýagdaýy nazara alanyňda, Ronaldunyň bu duşuşyklara gatnaşmagy hem kyn ýagdaýda galýar.

Şeýlelikde, mesele klubyň içinde däl-de, liganyň dolandyryş derejesindäki strategik kararlarda jemlenýär.