La Liga. "Barselona" – "Malýorka" duşuşygy taryha girdi

Ispaniýanyň La Ligasynyň 23-nji tapgyrynda «Barselona» öz meýdançasynda «Malýorkany» kabul edip, ynamly ýeňiş gazandy.

Duşuşygyň birinji ýarymynyň ortalarynda Dani Olmonyň pasyndan soň Robert Lewandowski hasaby açdy. Uzak wagtlap hasapda diňe şol gol saklanyp galdy. Ikinji ýarymda bolsa Ýamal hem-de Bernal tapawudy artdyryp, oýnuň ykbalyny doly çözdi.

Bu duşuşyk ispan futbolynyň taryhyna hem girdi. «Malýorka» — «Barselonanyň» La Ligada 2002-nji ýyldan bäri yzly-yzyna 34 duşuşykda gol geçirýän ilkinji garşydaşy boldy we seriýa henizem dowam edýär.

Has uzyn seriýalar diňe madrid klublaryna degişli. «Real Madrid» 1981–1997 ýyllar aralygynda «Saragosa» garşy 36 duşuşykda, «Atletiko» bolsa 1948–1986 ýyllarda «Walýadolidä» garşy 40 duşuşykda yzly-yzyna gol geçiripdi.