Serhio Ramos futboldan gitmegi göz öňünde tutýar
Ispaniýaly tejribeli goragçy Serhio Ramos karýerasyny tamamlamagyň bosagasynda bolup biler. 39 ýaşly futbolçy özüni terbiýelän «Sewilýa» klubyna möwsümiň ahyryna çenli erkin agent hökmünde, hatda aýlyk haksyz çykyş etmegi teklip etdi.
Habarlara görä, Ramos klubyň sport direktory Wiktor Orta bilen göni habarlaşyp, iýun aýyna çenli toparyň düzüminde oýnamaga taýýardygyny aýtdy. Ol professional karýerasyny hut öz dogduk klubynda tamamlamagy maksat edinýärdi. Ýatladyp geçsek, Ramos «Sewilýadan» 2005-nji ýylda «Real Madride» geçipdi.
Emma «Sewilýanyň» ýolbaşçylary düzümiň gurluşy, maliýe deňagramlylygy hem-de baş tälimçi Garsiýa Pimýentanyň ýolbaşçylygyndaky gorag çyzygynyň durnuklylygy sebäpli bu teklibi kabul etmedi. Bu ýagdaý futbolçyny lapykeç edip, onuň täze klub gözlemezligi we futboldan gitmegi baradaky pikirleri güýçlendirdi.
Ramosyň soňky kluby Meksikanyň «Monterreý» topary boldy. Ol 2025-nji ýylyň dekabrynda özara ylalaşyk esasynda klubdan aýryldy we şondan bäri resmi duşuşyklarda meýdança çykmady.
Serhio Ramos häzirki zaman futbolynyň iň köp kubokly goragçylarynyň biri hasaplanýar. Ol «Real Madrid» bilen 4 gezek Çempionlar ligasyny, 5 gezek Ispaniýanyň çempionatyny gazandy, şeýle-de «PSŽ» bilen birnäçe kuboklary eýeledi. Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen bolsa 2010-njy ýylda Dünýä çempiony, 2008 we 2012-nji ýyllarda Ýewropa çempiony boldy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


