"Barselona" Dubaýda ýaşaýyş toplumyny gurmagy meýilleşdirýär

Kataloniýanyň «Barselona» kluby Birleşen Arap Emirlikleriniň maýadarlary bilen Dubaý şäherinde Elita ýaşaýyş toplumyny gurmak boýunça ylalaşyga geldi. Taslama boýunça klubyň brendi bilen baglanyşykly "kiçi-şäher" dörediler — onuň düzümine beýik binalar, kaşaň ýaşaýyş jaýlary, jemgyýetçilik seýilgähleri, howuzlar we sport infrastrukturalary girer.

Ylalaşyk entek resmi taýdan tassyklananok. Ol klubyň agzalarynyň assambleýasy tarapyndan makullanmaly, emma taraplaryň bu işe oňyn garaýandygy sebäpli taslamanyň durmuşa geçirilmegi garaşylýar.

Dubaý häkimiýetleri bilen baglaşyljak şertnama birnäçe ýyl dowam eder we «Barselonanyň» ýyllyk girdejisine takmynan 12 million amerikan dollary goşar diýlip çaklanylýar. Şeýle-de toplum üçin aýratyn nyşan taýýarlanyp, ony toparyň köýnekçelerinde ýerleşdirmek arkaly goşmaça mahabat berilmegi meýilleşdirilýär.

Klubyň ýolbaşçylary bu ädimi täze girdeji çeşmelerini tapmak, dünýä bazarynda brendi giňeltmek we global täsirini güýçlendirmek strategiýasynyň bir bölegi hökmünde görýär. Şeýlelikde, katalonlar daşarky täjirçilik taslamalary arkaly maliýe mümkinçiliklerini artdyrmagy dowam etdirýärler.