Mergen Orazow "Arkadagyň" tälimçiler toparyna goşuldy
Türkmen hünärmeni Mergen Orazow ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» klubynyň tälimçiler toparyna goşuldy. UEFA Pro derejeli şahadatnamaly tälimçi toparyň öňünde duran esasy oýnunyň öňüsyrasy taýýarlyk işlerine gatnaşyp başlady.
.jpg)
«Arkadag» öňde AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň 1/8 final tapgyrynda Saud Arabystanyň «Al-Nasr» kluby bilen iki duşuşyk geçirer. Ilkinji oýun 11-nji fewralda Aşgabatdaky "Olimpiýa" stadionynda sagat Aşgabat wagty bilen 18:45-de başlanar. Jogap duşuşyk bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanda bolar. Topar häzirki wagtda hut şu garşylaşyklara güýçli taýýarlyk görýär.
Belläp geçsek, Mergen Orazow «Al-Nasr» bilen boljak oýna taýýarlygyň ilkinji günlerinden bäri tälimçiler düzüminde iş alyp barýar. «Arkadag» 12-nji ýanwardan 2-nji fewral aralygynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirdi we birnäçe ýoldaşlyk duşuşyklaryny oýnady: Kosowanyň birinji ligasynyň wekili «Feronikeli» – 2:0 ýeňiş, Kosowanyň Superligasynyň wekili «Dukajini» – 0:1 ýeňliş, Russiýanyň Premýer-ligasynyň wekili «Dinamo Mahaçkala» – 0:1 ýeňliş we Moldowanyň ýokary ligasynyň wekili «Milsami» – 1:3 ýeňliş.
Bu duşuşyklaryň dowamynda tälimçiler, düzümi synagdan geçirdi hem-de halkara oýunlaryna laýyk taýýarlyk alnyp baryldy.
Ýakynda Mergen Orazow karýerasynyň täze tapgyry hökmünde "Luna Sports Agency" agentligi bilen hyzmatdaşlyga başlady. Hünärmen ozal Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi bolup işledi, şeýle-de «Ahal» bilen ýurdumyzyň çempiony boldy. Geçen ýyl Litwanyň «Daýnawa» klubyna ýolbaşçylyk edip, topary 20 duşuşykda taýýarlady (3 ýeňiş, 5 deňlik, 12 ýeňliş). Bu döwür onuň Ýewropadaky ilkinji tejribesi boldy.
Tejribeli tälimçiniň halkara derejesindäki tejribesi «Arkadagyň» öňde boljak «Al-Nasr» bilen möhüm duşuşyklarynda aýratyn ähmiýetli bolup biler diýlip garaşylýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


