RSL. Ronaldu türgenleşige dolandy, ýöne nägilelik saklanýar
Portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu «Al-Nasr» klubynyň düzüminde türgenleşiklere täzeden başlady. 4-nji fewral, çarşenbe güni tejribeli futbolçy Saud Arabystanyň klubynyň türgenleşik bazasynda top bilen meşgullanýan ýagdaýynda görüldi.

Ozal metbugatda Ronaldu «Al-Nasryň» iki oýnuny yzly-yzyna goýberip biljekdigi barada maglumatlar peýda bolupdy. Munuň esasy sebäbi hökmünde portugaliýaly futbolçynyň klubyň dolandyrylyşyndan hem-de Saud Arabystanyň Döwlet maýa goýum gaznasy (PIF) tarapyndan maliýe serişdeleriniň paýlaşygyndan nägiledigi görkezilýär. Ronaldu şol gaznanyň «Al-Hilal» ýaly bäsdeş klublara has köp maliýe mümkinçiliklerini döredýändigini hasaplaýar.
Soňky tapgyrda Ronaldu «Al-Nasryň» Saud Arabystanyň çempionatyndaky «Al-Riýad» bilen duşuşygyna gatnaşmady. Şeýle-de ol oýundan öň we soň geçirilen türgenleşikde hem meýdança çykmady. Muňa garamazdan, Ronaldu bolmazdan «Al-Nasr» garşydaşyny 1:0 hasabynda ýeňmegi başardy.
Metbugatyň ýazmagyna görä, häzirki ýagdaý üýtgemese, portugaliýaly hüjümçi möwsümiň ikinji ýarymynda klub ýolbaşçylaryndan ony transfer sanawyna goşmagy haýyş edip biler. Şeýle ýagdaýda Ronaldu MLS-e geçmegi ýa-da Ýewropa dolanmagy göz öňünde tutýar.
Şol bir wagtda, "ESPN"-niň maglumatlaryna görä, Ronaldu türgenleşiklere dolanan hem bolsa, klubyň ýolbaşçylary tarapyndan anyk ädimleriň ädilmezligi sebäpli «Al-Nasryň» indiki duşuşygyny hem boýkot edip biler. 6-njy fewral güni «Al-Nasr» öz meýdançasynda «Al-Itthady» kabul eder. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 22:30-da başlanar.
5-nji fewralda Kriştianu Ronaldu 41 ýaşyny doldurdy. Şu sebäpli 6-njy fewralda geçiriljek duşuşyk diňe bir sport taýdan däl, eýsem, nyşanlaýyn waka hökmünde hem garaşylýar. Habarlara görä, iki toparyň janköýerleri tribunada Ronaldunyň meşhur 7 belgili futbolkasyny galdyryp, futbol legendasyna hormat görkezmegi meýilleşdirýärler.
Häzirki möwsümde Ronaldu «Al-Nasryň» düzüminde ähli ýaryşlarda 22 oýna gatnaşyp, 18 gol geçirdi we 3 asist berdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


