Fabrizio Romano: Kante Stambula geldi, Saud Arabystanyň we Ýewropanyň klublary işjeň

2026-njy ýylyň gyşky transfer döwründe Ýewropa we Saud Arabystanyň klublary arasynda uly hereketlilik dowam etdi. Birnäçe tejribeli futbolçy klubyny üýtgetdi, ýaş oýunçylar bolsa gymmat bahaly transferler bilen täze mümkinçiliklere eýe boldy.

«Fenerbahçe» fransuz ýarymgoragçysy Ngolo Kante bilen şertnama baglaşandygyny resmi taýdan mälim etdi. Ylalaşyk 2028-nji ýyla çenli niýetlenendir. Ozal 34 ýaşly Fransiýa milli ýygyndysynyň futbolçysy bilen şertnama «Al-Itthad» tarapyndan ýatyryldy. Kante Saud Arabystanda 2023/24 möwsüminden bäri çykyş edip gelýärdi.

Şol bir wagtda «Fenerbahçeden» hüjümçi Ýussef En-Nesiri hem şertnamasynyň ýatyrylmagy esasynda «Al-Itthada» geçdi. Şeýlelikde, iki klub futbolçylary ters ugurda çalşan ýaly boldy.

Şeýle hem, bu Saud Arabystanyň kluby «Monakodan» Jorj Ilenikenany transfer etdi. 19 ýaşly hüjümçi üçin 33 million ýewro tölenendigi habar berilýär. Ol häzirki möwsümde Liga 1-de 15 oýunda 2 gol geçirdi.

«Atletiko» ýarymgoragçy Rodrigo Mendosany transfer etdi. «Elçe» bu futbolçy üçin 16 million ýewro alar. Mendoza Madrid kluby bilen 2031-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy. Ol möwsümde La Ligada 16 oýun geçirip, 1 gol saldy.

«West Hem» goragçy Aksel Disasini möwsümiň ahyryna çenli «Çelsiden» kärendesine aldy. Bu fransuz futbolçynyň «Aston Willadan» soňky ikinji kärendesine berilmegidir.

«Al-Hilal» 19 ýaşly ýarymgoragçy Saimon Buabreni transfer etdi. Şertnama 3,5 ýyl möhlet bilen baglaşyldy. «Neom» bu transferden 23 million ýewro girdeji gazandy we geljekde täzeden satylanda 20 göterim paý alar.

«Porto» Seko Fofanany «Renn» klubyndan kärendesine aldy. Satyn almak mümkinçiligi şertnama goşulmady. Iwuarli futbolçy häzirki möwsümde 12 oýunda 1 gol saldy.

«Wulwerhempton» Eýnjel Gomesy «Marselden» kärendesine aldy. Şertnamada satyn almak mümkinçiligi bar. Şeýle-de klub hüjümçi Adam Armstrongy transfer etdi. Ol bilen 3,5 ýyllyk şertnama baglaşyldy. Armstrong häzirki möwsüm Çempionşipde 29 oýunda 11 gol geçirdi.

«Selta» bolsa tejribeli ýarymgoragçy Matias Wesinony düzümine goşdy. Urugwaýly futbolçy bilen şertnama 2027-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenendir. Wesino «Lazioda» 3,5 ýylyň dowamynda 128 oýun geçirip, 13 gol saldy.