Fewralda döredilen klublar we doglan futbol ýyldyzlary

Fewral aýy futbol taryhynda aýratyn ähmiýete eýe. Bu aýda birnäçe meşhur futbol klublary döredildi, şeýle-de dünýä futbolynda yz galdyran köp sanly ýyldyzlar hut fewralda dünýä indi.

Fewral aýynda döredilen futbol klublary barada aýtsak, iň ýaş, emma eýýäm tanalan klublaryň biri — häzirki wagtda Russiýanyň çempiony bolan «Krasnodar» klubydyr. Klub 22-nji fewralda 18 ýaşyny dolduryp, resmi taýdan "kämillik ýaşyna" ýetýär diýseň hem bolýar.

Şol bir wagtda Ýewropa futbolynyň ägirdi «Bawariýa» 27-nji fewralda döredilmeginiň 126 ýyllygyny belleýär. Nemes futbolynyň başga bir wekili «Werder» bolsa 4-nji fewralda Mýunhen klubyndan bir ýyl öň döredilipdir. Şeýle-de «Köln» (13-nji fewral) kluby 78, «Mallorka» (27-nji fewral) bolsa 110 ýaşyny doldurýar.

24-nji fewralda aýratyn bir klub – Şwesiýanyň «Malmö» kluby doglan gününi belleýär. Bu topar futbol taryhynda Zlatan Ibragimowiçiň ilkinji kluby hökmünde hem tanalýar.

Iň köne klublaryň biri bolan «Derbi Kaunti» 5-nji fewralda 142 ýaşyna ýetýär. Gyzykly tarapy, bu klubyň doglan güni Kriştianu Ronaldu bilen Neýmaryň doglan günleri bilen gabat gelýär.

Fewralda doglan futbol ýyldyzly barada bolsa häzirki zaman futbolçylaryndan düzülen topar hem düzüp bolýar. Hüjüm hatarynda Kriştianu Ronaldu (5-nji fewral), Neýmar (5-nji fewral) we Hwiça Kwarasheliýa (12 fewral) ýaly hüjümçiler tapawutlanýar. Olaryň arkasynda ygtybarly merkez – Kristian Eriksen (14-nji fewral), Kazemiro (23-nji fewral) we Nikolo Barella (7-nji fewral), şeýle-de gorag –Lýuka Ernandes (14-nji fewral), Abdukodir Husanow (29-njy fewral), Jonatan Ta (11-nji fewral) we Jozua Kimmih (8-nji fewral) ýerleşýär.

Derwezede bolsa Janluiji Donnarumma bilen Matweý Safonow orun paýlaşyp biler. Gyzykly tarapy, iki derwezeban hem 1999-njy ýylyň 25-nji fewralynda dünýä inen. Bu ýygyndynyň tälimçisi hökmünde Erik ten Hag (2-nji fewral) görkezilýär. Şeýle-de ätiýaçda galan futbolçylary suratda görüp bilersiňiz.

Karýerasyny tamamlan futbolçylardan düzülen topar hem pes däl. Hüjümde Adriano (17-nji fewral) bilen 1964-nji ýylda "Altyn top" baýragynyň eýesi Denis Lou (24-nji fewral) saýlanyp bilner. Olardan az kem aşakda 1993-nji ýylda "Altyn top" baýragynyň eýesi we şol ýylda dünýä çempionatynyň iň gowy futbolçysy Roberto Bajo (18-nji fewral) ýerleşýär. Orta meýdanda Karpin (2-nji fewral) – Makelele (18-nji fewral) – Semak (27-nji fewral) üçlügi, goragda bolsa A Seriýanyň meşhur goragçylary Çezare Maldini (5-nji fewral), Sinişa Mihaýlowiç (20-nji fewral) Dzambrotta (19-njy fewral) hem-de Pepe (26-njy fewral) ýaly tejribeli futbolçylar ýerleşdirilýär. Derwezede Dzoff (28-nji fewral) şeýle hem, bu toparyň tälimçisi hökmünde Ýoahim Lýow (3-nji fewral) laýyk görülýär.