RSL. Benzema "Al-Hilala" geçdi, Saud Arabystanda dartgynly ýagdaý döredi

2022-nji ýylyň "Altyn top" baýragynyň eýesi Karim Benzema «Al-Hilal» klubynyň futbolçysy boldy. Fransuz hüjümçi «Al-Ittihad» klubyndan gidip, Simone Inzaginiň tälimçilik edýän topary bilen 1,5 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Habarlara görä, Benzemanyň «Al-Ittihaddan» gidişine täze şertnamanyň şertleri sebäp boldy. Liganyň sport direktory tarapyndan hödürlenen täze ylalaşykda durnukly aýlyk hak göz öňünde tutulman, diňe futbolçynyň ýüzüniň hukuklaryndan girdeji teklip edilipdir. "Forbes" we "Capology" neşirleriniň maglumatlaryna görä, bu şertnama Benzemanyň girdejisini takmynan 50 million dollar azaldyp bilerdi. Şol sebäpli fransuz futbolçy bu teklibi kabul etmedi we klubdan gitmek kararyna geldi.

Şeýle-de, ýakyn wagtda «Al-Ittihaddan» N'Golo Kanteniň hem gitmegine garaşylýar. Habarlara görä, fransuz ýarymgoragçy «Fenerbahçe» kluby bilen gepleşiklere ýakyn.

Bu ýagdaýlar Saud Arabystanyň futbolynda uly gürrüňler döretdi. Fabrizio Romanonyň maglumatyna görä, Kriştianu Ronaldu «Al-Nasr» klubyndaky dolandyryş kararlaryndan nägile. Portugaliýaly hüjümçi Döwlet maýa goýum fondunyň beýleki klublara has köp goldaw berýändigini, munuň bolsa «Al-Nasryň» çempionlyk ugrunda bäsdeşlik etmegine päsgel berýändigini hasaplaýar. Şol sebäpli Ronaldu «Al-Riýad» (1:0 «Al-Nasr» ýeňdi) bilen duşuşyga gatnaşmady we oýun üçin resmi sanawa hem goşulmady.

Şeýle-de, habarlarda Ronaldunyň Benzemanyň «Al-Hilala» geçmegine garşy bolandygy, bu transferiň ligadaky bäsdeşlige zyýan ýetirýändigini pikir edendigi bellenilýär.

Häzirki wagtda Saud Arabystanyň futbolynda bolup geçýän bu wakalar ligadaky güýç deňagramlylygynyň üýtgäp biljekdigini görkezýär.