RSL. Ronaldu "Al-Nasryň" oýnuna goşulmady

Saud Arabystanyň çempionatynyň 20-nji tapgyrynyň çäginde geçiriljek «Al-Nasr» – «Al-Riýad» duşuşygynda Kriştianu Ronaldu meýdança çykmaz. Klub bu oýun üçin düzülen resmi sanawa portugaliýaly hüjümçiniň goşulmadygyny tassyklady.

Soňky günlerde metbugatda Ronaldunyň bu oýna gatnaşmazlygynyň onuň saglyk ýagdaýy bilen bagly däldigi barada maglumatlar peýda boldy. Habarlara görä, tejribeli futbolçy klub ýolbaşçylarynyň we Döwlet maýa goýum fondunyň transfer syýasatyndan nägile bolup, duşuşyga çykmazlygy saýlapdyr. Şeýle-de, bu ýagdaýyň fiziki ýadawlyk ýa-da şikes bilen baglanyşykly däldigi bellenilýär. Häzirki wagtda gyşky transfer penjiresinde «Al-Nasryň» entek hiç bir täze futbolçyny düzümine goşmady.

Kriştianu Ronaldu 2022-nji ýylda «Al-Nasr» klubyna goşulypdy. Häzirki möwsümde ähli ýaryşlary hasaba almak bilen 22 oýna gatnaşyp, 18 gol geçirdi we 3 asist etdi. «Al-Nasr» häzirki wagtda Saud Arabystanyň çempionatynda 18 tapgyrdan soň 43 utuk bilen ikinji orunda ýerleşýär. Sanawyň başyny 46 utukly «Al-Hilal» çekýär.