"Nebitçi" transfer bazarynda uly seslenme döretdi
Balkanabadyň «Nebitçi» kluby täze möwsümiň öňüsyrasynda Elman Tagaýew, Alibek Abdurahmanow, Gurban Annaýew we Begenç Mämiýew bilen şertnama baglaşyp, türkmen futbolunda iň köp ara alnyp maslahatlaşylýan klublaryň birine öwrüldi. Tejribeli we milli ýygyndy derejesinde çykyş eden futbolçylaryň düzümine goşulmagy toparyň täze möwsümde öňde goýýan maksatlarynyň ýokarydygyny görkezýär.
Ady agzalan futbolçylaryň ählisi «Ahal» klubyndan Balkanabada geldi. «Nebitçi» olaryň tejribesine we halkara ýaryşlardaky çykyşlaryna bil baglap, täze möwsümde has durnukly hem-de netijeli çykyş etmegi maksat edinýär.
36 ýaşly hüjümçi Elman Tagaýew türkmen futbolynyň iň tejribeli futbolçylarynyň biridir. "Transfermarkt" portalyndaky maglumatlara görä, onuň häzirki bazar bahasy 50 müň ýewro diýlip baha berilýär. Ol «Ahal» bilen AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň 2025/26 möwsüminde geçiren 6 duşuşygynyň hemmesinde doly oýnap, 2 gol we 2 asist bilen tapawutlandy. Elman Tagaýew futbol ýoluna «Aşgabat» klubunda başlap, soň Azerbaýjanyň «AZAL», ýene «Aşgabat», «Altyn Asyr», Özbegistanyň «Andijon», ýene «Altyn Asyr», Azerbaýjanyň «Sabail», «Ahal», Özbegistanyň «Nawbahor» klublarynyň düzüminde çykyş etdi we soň ýene «Ahalyň» düzüminde oýnady. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 20 duşuşyk geçirip, 4 gol geçirdi.
35 ýaşly goragçy Alibek Abdurahmanow hem «Nebitçiniň» möhüm transferleriniň biri boldy. Onuň "Transfermarkt" boýunça bazar bahasy 25 müň ýewro diýlip görkezilýär. Alibek «Ahal» bilen AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň 2025/26 möwsüminde 6 duşuşygyň hemmesinde doly oýnady we 1 asist etdi. Futbol ýoluna «Balkan» klubynda başlan Abdurahmanow dürli ýyllarda «Ahal», «Mary Energetik», «Merw», «Nebitçi», ýene «Merw» klublarynda çykyş edip, soň «Ahalyň» düzümine dolanypdy. Ol Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 5 duşuşyk geçirdi.
30 ýaşly ýarymgoragçy Gurban Annaýew hem «Ahaldan» – «Nebitçä» gelen futbolçylaryň biridir. "Transfermarkt" portalynyň maglumatlaryna görä, onuň bazar bahasy 50 müň ýewro diýlip baha berilýär. Annaýew «Ahal» bilen AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň 2025/26 möwsüminde 4 duşuşykda meýdança çykdy. Futbol ýoluna «Balkan» klubynda başlan Gurban Annaýew Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde hem 3 duşuşykda çykyş etdi.
21 ýaşly hüjümçi Begenç Mämiýew «Nebitçiniň» geljege gönükdirilen transferleriniň biri hökmünde görülýär. Ol futbol ýoluna «Aşgabat» klubynda başlap, soň «Ahal» toparynyň düzüminde çykyş etdi. Begenç Mämiýew Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli milli ýygyndysynyň düzüminde 3 duşuşykda meýdança çykdy.
Bellik bu transferler entäk resmi taýdan tassyklanmady.
Ýokary liganyň 2025-nji möwsüminde Balkanabadyň «Nebitçisi» 33 utuk bilen ýaryş sanawynda bäşinji orny eýeläpdi. «Ahal» bolsa 55 utuk bilen ikinji orunda tamamlady.
Şol bir wagtyň özünde, öňki habarlarda habar berşimiz ýaly «Nebitçi» klubyndan 31 ýaşly goragçy Myrat Aşyrow täze möwsümde Marynyň «Merw» klubyna geçdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


