UCL. 7-nji tapgyryň ilkinji duşuşyklary geçirildi
20–21-nji ýanwar aralygynda Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň 7-nji tapgyrynda birnäçe gyzykly we garaşylmadyk netijeler bilen tamamlanan duşuşyklar geçirildi. Oýunlaryň köpüsinde ýeňişe dalaşgär toparlar kynçylyk çekdi, käbir duşuşyklar bolsa uly hasap bilen tamamlandy.
«Kaýrat» – «Brýugge» 1:4
Gazagystanyň çempiony duşuşygyň dowamynda garşydaşyna garşy durup bilmedi. Myhmanlaryň gollaryny Aleksandar Stankowiç, Hans Wanaken, Romeo Wermant we Brendon Mehele geçirdi. «Kaýratyň» ýeke-täk goluny Adilet Sadybekow uzakdan urgy bilen geçirdi.

«Bude-Glimt» – «Mançester Siti» 3:1
Norwegiýanyň wekili ýaryşyň iň uly sensasiýalarynyň birini döretdi. Kasper Heg iki gol geçirdi, Jens-Petter Hýuge hasaby artdyrdy. Myhmanlaryň ýeke-täk goluny Raýan Şerki geçirdi.

«Wilýarreal» – «Aýaks» 1:2
Duşuşykda hasap ikinji ýarymda açyldy. Tani Oluwaseýi ýer eýeleriniň adyndan tapawutlandy. «Aýaksyň» gollaryny Oskar Gluh hem-de duşuşygyň ahyrynda Oliwer Edwardsen geçirdi.

«Inter» – «Arsenal» 1:3
Londonlylar Milanda ynamly ýeňiş gazandy. Gabriel Žezus iki gol geçirdi, soňky nokady Wiktor Dýokereş goýdy. «Interiň» goluny Petar Suçiç geçirdi.

«Kopengagen» – «Napoli» 1:1
Duşuşyk deňlikde tamamlandy. Myhmanlaryň goluny Skott Maktomineý geçirdi. Ýer eýeleri bolsa Jordan Larssonyň penaltiden soňraky gaýtarylan topdan uran goly bilen hasaby deňledi.

«Olimpiakos» – «Baýer» 2:0
Grek topary ir açylan gollar bilen ýeňiş gazandy. Koştinýa hem-de Mehdi Taremi tapawutlandy. Derwezeban Kostas Dzolakisiň ynamly oýny aýratyn bellige mynasyp boldy.

«Real» – «Monako» 6:1
Madrid kluby duşuşygy doly gözegçilikde saklady. Kilian Mbappe iki gol geçirdi. Şeýle-de Jud Bellingem, Winisius Žunior, Franko Mastantuono hem-de garşydaşyň öz derwezesine uran goly hasaby ulaltdy. Ç
«Monakonyň» ýeke-täk goluny Jordan Teze geçirdi.

«Sporting» – «PSŽ» 2:1
Portugaliýanyň wekili garaşylmadyk ýeňiş gazandy. Luis Suares iki gezek tapawutlandy. Myhmanlaryň adyndan Hwiça Kwaratsheliýa gol geçirdi.

«Tottenhem» – «Borussiýa Dortmund» 2:0
Iňlis kluby öz meýdançasynda arassa ýeňiş gazandy. Kristýan Romero hasaby açdy, Dominik Solanke bolsa ikinji goly geçirdi.

7-nji tapgyrdan soň umumy tapgyryň ýaryş tablisasyna 21 utuk bilen «Arsenal» ýolbaşçylyk edýär.
Ikinji orunda 15 utuk bilen «Real», üçünji orunda bolsa oýny kem bolan «Bawariýa» ýerleşýär.
Ilkinji sekizligiň düzüminde häzirki wagtda şeýle-de «Tottenhem», «PSŽ», «Sporting», «Mançester Siti» we «Atalanta» bar.
«Kaýrat» bolsa 1 utuk bilen iň soňky 36-njy orunda ýerleşýär.
21-nji ýanwarda birnäçe oýun hem geçirilýär:
«Galatasaraý» – «Atletiko Madrid» "Türkmenistan Sport" teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda görkeziler (22:45)
«Karabah» – «Aýntraht» (22:45)
«Atalanta» – «Atletik» (01:00)
«Çelsi» – «Pafos» (01:00)
«Bawariýa» – «Ýunion» (01:00)
«Ýuwentus» – «Benfika» (01:00)
«Nýukasl» – «PSW» (01:00)
«Olimpik Marsel» – «Liwerpul» "Türkmenistan Sport" teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda görkeziler (01:00)
«Slawiýa» – «Barselona» (01:00)

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


