Mihail Titowly "Uzgen" Antalýada ilkinji ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňiş gazandy
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mihail Titowyň çykyş edýän Gyrgyzystanyň «Uzgen» kluby, täze möwsüme taýýarlygyň çäginde Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Şol ýygnanyşygyň dowamynda topar ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Duşuşykda «Uzgen» Russiýanyň «Çaýka» klubyny 3:2 hasabynda ýeňdi. Oýunda «Uzgen» toparynyň gollaryny Mihail Titow, Orhan Aliýew hem-de Mirlanbek uulu Isa geçirdi. Şeýlelikde, türkmenistanly hüjümçi ýygnanyşykdaky ilkinji duşuşykda tapawutlanmagy başardy.
Ýatladyp geçsek, Mihail Titow ýakynda «Uzgen» kluby bilen şertnamasyny uzaltdy. Taraplaryň arasynda baglaşylan täze şertnama 2026-njy ýylyň ahyryna çenli hereket eder. 28 ýaşly futbolçy kluba geçen ýylyň başynda goşulyp, ilki bir ýyllyk şertnama baglaşypdy.
Geçen möwsümde Titow Gyrgyzystanyň Premýer ligasynda 24 duşuşykda meýdança çykyp, 8 gol we 3 asist bilen tapawutlandy. Şeýle-de, Gyrgyzystanyň Kubogynda 1 duşuşykda 1 gol geçirdi. 2025-nji ýylyň dowamynda bolsa ähli ýaryşlarda jemi 31 duşuşykda 10 gol we 3 asist bilen çykyş etdi.
"Transfermarkt" portalynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Mihail Titowyň bazar bahasy 200 müň ýewro diýlip baha berilýär.
«Uzgen» kluby bolsa 2025-nji ýylyň möwsümini 35 utuk bilen ýaryş sanawynda ýedinji orunda tamamlady.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


