Mergen Orazow "Luna Sports Agency" bilen hyzmatdaşlyga başlady

Türkmen tälimçisi Mergen Orazow karýerasynyň indiki tapgyrynda "Luna Sports Agency" bilen resmi hyzmatdaşlyga başlady. Bu barada agentligiň sosial ulgamlarynda habar paýlaşyldy.

UEFA-nyň Pro derejeli tälimçi şahadatnamasyna eýe bolan Mergen Orazow futbol ulgamynda 10 ýyldan gowrak ýokary derejeli tejribä eýedir. Ol professional klublar hem-de milli ýygyndylar bilen Aziýada we Ýewropada işläp, çempionlyklar, milli kubok ýeňişleri, AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşmak hem-de AFK Kubogynyň finalyna çykmak ýaly möhüm netijeleri gazandy.

Türkmenistan milli ýygyndysynyň öňki baş tälimçisi hökmünde tanalýan Mergen Orazow häzirki zaman taktiki garaýşy, oýunçylary ösdürmäge aýratyn üns bermegi hem-de köpmilletli, talapkär şertlerde üstünlikli iş alyp barmagy bilen giňden tanalýar. "Luna Sports Agency" öz gezeginde onuň tejribeli we maksada okgunly hünärmendigini nygtap, täze hyzmatdaşlyk tapgyryna buýsanç bilen başlaýandygyny mälim etdi.

Şeýle-de ýatladyp geçsek, 2025-nji ýylyň maý aýynda Mergen Orazowyň Litwanyň «Daýnawa» futbol kluby bilen hyzmatdaşlygy tamamlady. Ol toparyň baş tälimçisi wezipesinde işlän döwründe jemi 20 duşuşyga taýýarlyk görüp, 3 ýeňiş, 5 deňlik we 12 ýeňliş bilen möwsümi jemledi. Netijede topar Litwanyň Birinji ligasynda 10-njy orny eýeläp, aşaky liga düşdi.

Mergen Orazow «Daýnawa» bilen hoşlaşygyny sosial ulgamlarda hem tassyklap, oýunçylara, tälimçi düzümine, klub ýolbaşçylaryna we janköýerlere minnetdarlyk bildirdi. Ol bu döwri Ýewropadaky ilkinji tejribesi hökmünde aýratyn ähmiýetli diýip atlandyrdy.

Häzirki wagtda türkmen tälimçisi ýurdumyzyň çempiony Arkadag klubynyň Türkiýäniň Antalýa şäherinde dowam edýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda tälimçiler toparynyň arasynda görünýär. Maglumatlara görä, ol toparyň AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň pleý-off duşuşyklaryna taýýarlyk işlerine gatnaşýar.

Şunuň bilen baglylykda, «Arkadag» kluby AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň indiki tapgyrynda Saud Arabystanyň «Al-Nasr» kluby bilen iki duşuşykdan ybarat garşylaşyk geçirer. Ilkinji oýun 11-nji fewralda Aşgabat şäherindäki "Olimpiýa" stadionynda bolar, jogap duşuşygy bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanda geçiriler.

Mergen Orazowyň indiki iş tapgyrynyň haýsy klub ýa-da taslama bilen bagly boljakdygy barada häzirlikçe resmi maglumat berilmedi.