"Arkadag" Antalýada nobatdaky ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

Ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» kluby Türkiýäniň Antalýa şäherinde dowam edýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde şu gün — 20-nji ýanwarda Kosowanyň «Dukajini» kluby bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Duşuşyk «Dukajini» klubynyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Belläp geçsek, «Dukajini» kluby Kosowanyň Superligasynda (ýokary liga) çykyş edýär. 2025/26-njy möwsümiň 18 tapgyryndan soň topar 29 utuk toplap, ýaryş sanawynda üçünji orunda ýerleşýär.

Ýeri gelende gysgajyk belläp geçsek, «Arkadag» kluby mundan öňki ýoldaşlyk duşuşygynda Kosowanyň birinji ligasynda (ýokary ligadan aşaky) çykyş edýän «Feronikeli» klubyny 2:0 hasabynda ýeňipdi. Şol duşuşykda gollary Didar Durdyýew hem-de toparyň täze hüjümçisi Daýanç Meredow geçirdi.

Şeýle-de, «Arkadag» kluby okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda 31-nji ýanwarda Özbegistanyň çempiony «Neftçi» bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek meýilleşdirýär. Bu duşuşyk hem Antalýadaky ýygnanyşygyň çäginde geçiriler. Bu barada garşydaş klub öz sosial ulgamlarynda habar berdi.

Mundan başga-da, «Arkadag» kluby AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň indiki tapgyrynda Saud Arabystanyň «Al-Nasr» kluby bilen iki duşuşykdan ybarat garşylaşyk geçirer. Ilkinji oýun 11-nji fewralda Aşgabat şäherindäki "Olimpiýa" stadionynda bolar, jogap duşuşygy bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanda geçiriler.