Ispaniýanyň Kubogynyň 1/4 final tapgyrynyň jübütleri belli boldy

Duşenbe güni futbol boýunça Ispaniýanyň Kubogynyň 1/4 final tapgyrynyň bije çekişligi geçirildi. Netijede, ýaryşyň indiki tapgyrynda çykyş etjek toparlaryň garşydaşlary belli boldy.

1/4 final tapgyrynda jübütler aşakdaky görnüşde emele geldi:

• «Albasete» — «Barselona»
• «Alawes» — «Real Sosýedad»
• «Walensiýa» — «Atletik» (Bilbao)
• «Betis» — «Atletiko» (Madrid)

Bu tapgyryň duşuşyklary 3–5-nji fewral aralygynda geçiriler. 1/4 final duşuşyklary bir oýundan ybarat bolar.

Belläp geçsek, «Albasete» öňki tapgyrda garaşylmadyk netije gazanyp, Madridiň «Real» klubyny 3:2 hasabynda ýeňip, ýaryşyň esasy sensasiýalarynyň birine öwrüldi. Şeýlelikde, Segundada çykyş edýän topar indi häzirki kubogyň eýesi bolan «Barselona» bilen duşuşar.

Ýeri gelende bellesek, Ispaniýanyň Kubogynyň final duşuşygy Sewilýa şäherindäki Olimpiýa stadionynda (La Kartuha) geçiriler. Finalyň takyk senesi bolsa soňra mälim ediler.

Soňky möwsümiň Kubok finalynda «Barselona» Madridiň «Real» klubyny 3:2 hasabynda ýeňip, kubogyň häzirki eýesi boldy.