Transfer. Mark Gehi "Mançester Siti" klubyna geçdi

Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Mark Gehi resmi taýdan «Kristal Pelas» klubyndan «Mançester Siti» klubyna geçdi. Bu barada «Mançester Sitiniň» metbugat gullugy habar berdi.

25 ýaşly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2031-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenýär. Gehi täze klubynda 15-nji belgide çykyş eder. Ozal bu belgide «Mançester Sitiniň» düzüminde Eliakim Mangala oýnapdy.

Resmi däl çeşmeleriň maglumatlaryna görä, transferiň bahasy takmynan 23 million ýewro (ýa-da 20 million funt sterling + bonuslar) boldy. Şeýle-de, «Kristal Pelas» futbolçynyň geljekde başga kluba satylmagy ýagdaýynda belli bir göterim paý alar.

Mark Gehi «Çelsi» klubynyň futbol mekdebiniň okuwçysy. Ol 2021-nji ýyldan bäri «Kristal Pelasyň» düzüminde çykyş edip, ähli ýaryşlarda jemi 188 duşuşyga gatnaşdy, 11 gol geçirdi we 8 asist etdi. Onuň londonly klub bilen şertnamasy 2026-njy ýylyň tomsuna çenli dowam etmelidi.

Goragçy häzirki wagta çenli Angliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 26 duşuşyga gatnaşyp, 1 gol geçirdi. Häzirki möwsümde bolsa klub derejesinde 33 oýunda meýdança çykyp, 3 gol we 4 asist bilen tapawutlandy.

Britaniýanyň metbugatynyň ýazmagyna görä, Mark Gehiniň «Mançester Siti» klubyndaky ýyllyk zähmet haky takmynan 18 million ýewro (hepdede 300 müň funt sterling töweregi) bolar. Toparyň düzüminde ondan köp gazanýan futbolçy diňe Erlin Holanddyr.

Belläp geçmek gerek, Gehi «Sitiniň» düzüminde ýakyn wagtda geçiriljek Çempionlar ligasyndaky «Bude-Glimt» bilen duşuşykda çykyş edip bilmez, sebäbi täze futbolçylary hasaba almak döwri diňe pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda açylar. Onuň ilkinji oýnuna Angliýanyň Premýer-ligasynda 24-nji ýanwarda «Wulwerhempton» klubyna garşy duşuşykda garaşylýar.

Şeýlelikde, Mark Gehi gyşky transfer döwründe «Mançester Sitiniň» ikinji täze futbolçysy boldy. Ondan öň topar «Bornmut» klubyndan hüjümçi Antuan Semenýony düzümine goşupdy.