"Arkadag" ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny ýeňiş bilen başlady
Ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» kluby Türkiýäniň Antalýa şäherinde dowam edýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. 19-njy ýanwarda geçirilen duşuşykda «Arkadag» kluby Kosowanyň «Feronikeli» toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Bu barada Arkadag klubynyň resmi sosial ulgamlarynda habar berildi.
Duşuşykda «Arkadag» klubynyň gollaryny Didar Durdyýew hem-de toparyň täze düzümine goşulan hüjümçi Daýanç Meredow geçirdi. Şeýlelikde, topar Antalýadaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny ýeňiş bilen başlady.
.jpg)
Belläp geçsek, «Feronikeli» kluby Kosowanyň Ýokary ligasynda çykyş edýär. 18 tapgyrdan soň olar 39 utuk bilen ýaryş sanawynda ikinji orunda ýerleşýär we öňdebaryjy «Wuştriýa» klubyndan bary-ýogy bir utuk yzda barýar. Bu çempionatda jemi 18 topar çykyş edýär. Şeýle-de, kosowaly topar soňky duşuşygynda Kosowanyň Kubogynyň 1/16 tapgyrynda «Istogu 03» klubyny ýeňip, 1/8 final tapgyryna çykypdy.
Ýeňiş gazanylan duşuşykda tapawutlanan Daýanç Meredow «Arkadag» klubynyň täze futbolçylarynyň biridir. 22 ýaşly hüjümçi soňky gezek «Köpetdag» klubynyň düzüminde çykyş edipdi. Futbolçylyk ýolunda ol «Aşgabat», «Ahal» hem-de «Köpetdag» klublarynyň köýneklerini geýdi. Daýanç Meredow 2022-nji ýylda «Ahal» klubynyň düzüminde Türkmenistanyň çempiony bolmagy başardy.
Ýeri gelende bellesek, «Arkadag» kluby okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda ýoldaşlyk duşuşyklaryny dowam etdirer. Ukrainanyň «Weres» kluby bilen 25-nji ýanwarda, Özbegistanyň çempiony «Neftçi» kluby bilen bolsa 31-nji ýanwarda ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu duşuşyklar hem okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde geçiriler. Bu barada garşydaş klublaryň sosial ulgamlarynda habar berildi.
Şeýle-de, «Arkadag» kluby AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň indiki tapgyrynda Saud Arabystanyň «Al-Nasr» kluby bilen iki duşuşykdan ybarat garşylaşyk geçirer. Ilkinji oýun 11-nji fewralda Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de Aşgabat şäherindäki "Olimpiýa" stadionynda bolar. Jogap duşuşygy bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanda geçiriler.
Bu duşuşyk üçin petekler diňe onlaýn görnüşinde satylýar. Olary Aşgabat şäher häkimliginiň resmi www.ashgabat.gov.tm saýtyndan ýa-da "Sanly Şäher" ykjam goşundysy arkaly satyn alyp bolýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


