"Arkadag" — "Feronikeli": ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler
Ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» kluby şu gün – 19-njy ýanwarda sagat 19:30-da Kosowanyň «Feronikeli» kluby bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Bu barada iki topar hem sosial ulgamlarda habar berdi. Duşuşyk «Arkadag» klubynyň häzirki wagtda dowam edýän Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde geçiriler.
Belläp geçsek, «Feronikeli» kluby Kosowanyň Ýokary ligasynda çykyş edýär. 18 tapgyrdan soň topar 39 utuk toplap, ýaryş sanawynda ikinji orunda ýerleşýär. Olar öňdebaryjy «Wuştriýa» klubyndan bary-ýogy bir utuk yzda barýar. Bu çempionatda jemi 18 topar çykyş edýär. Şeýle-de, «Feronikeli» soňky duşuşygynda Kosowanyň Kubogynyň 1/16 tapgyrynda «Istogu 03» klubyny ýeňip, 1/8 final tapgyryna çykdy.
Şeýle-de, Ukrainanyň «Weres» klubynyň sosial ulgamlarynda berlen maglumata görä, «Arkadag» kluby 25-nji ýanwarda bu topar bilen hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär. Şeýle duşuşyk hem okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde geçiriler. «Weres» kluby Ukrainanyň Premýer-ligasynda çykyş edip, 2025/26-njy möwsümiň 15 tapgyryndan soň 18 utuk bilen 11-nji orunda ýerleşýär. Bu çempionatda jemi 16 klub bar.
Mundan başga-da, «Arkadag» kluby okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda 31-nji ýanwarda Özbegistanyň çempiony «Neftçi» kluby bilen hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada garşydaş toparyň sosial ulgamlarynda habar berildi.
Ýeri gelende bellesek, «Arkadag» kluby AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň indiki tapgyrynda Saud Arabystanyň «Al-Nasr» kluby bilen iki duşuşykdan ybarat garşylaşyk geçirer. Ilkinji oýun 11-nji fewralda Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de Aşgabat şäherindäki "Olimpiýa" stadionynda bolar. Jogap duşuşygy bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanda geçiriler.
Bu duşuşyk üçin petekler diňe onlaýn görnüşinde satylýar. Olary Aşgabat şäher häkimliginiň resmi www.ashgabat.gov.tm saýtyndan ýa-da "Sanly Şäher" ykjam goşundysy arkaly satyn alyp bolýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


