Senegal dramatik finalda Marokkony ýeňip, Afrikanyň Milletler Kubogyny ikinji gezek gazandy

Afrikanyň Milletler Kubogynyň 2025-nji ýyldaky final duşuşygy futbol taryhyna iň dartgynly we duýguly oýunlaryň biri hökmünde girdi. Marokkoda geçirilen final duşuşygynda Senegalyň milli ýygyndysy goşmaça wagtda Marokkonyň milli ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, ýaryşyň ýeňijisi boldy.

Duşuşygyň esasy wagty 0:0 hasabynda tamamlandy. Ikinji ýarymyň goşmaça wagtynda senegally goragçy Abdulla Sekiň salan goly emin tarapyndan hasaba alynmady. Şondan birnäçe minut soňra, 90+8-nji minutda emin Senegalyň derwezesine jedelli penalti belledi. Bu karar senegally futbolçylaryň we tälimçiler toparynyň güýçli nägileligine sebäp boldy.

Baş tälimçi Pap Týawyň görkezmesi bilen toparyň köp bölegi meýdançany terk etdi. Ýöne hut toparyň kapitany Sadio Mane ýagdaýy ýumşadyp, ýoldaşlaryny meýdança gaýdyp gelmäge ynandyrdy. Bu pursat finalyň iň ýatda galyjy wakalarynyň birine öwrüldi.

Penalti 90+24-nji minutda ýerine ýetirildi. Marokkonyň ýarymgoragçysy Braim Dias urgyny "panenka" görnüşinde derwezäniň ortasyna gönükdirdi, emma senegally derwezeban Eduar Mendi topy aňsatlyk bilen tutdy. Bu pursat marokkoly janköýerler üçin agyr zarba boldy.

Goşmaça wagtyň 94-nji minudynda duşuşygyň ykbaly çözüldi. Senegalyň ýarymgoragçysy Pap Geýýe takyk urgusy bilen topy derwezä girizip, toparyna taryhy ýeňşi getirdi. Şol gol Senegalyň Afrikanyň Milletler Kubogynda final tapgyryndaky 100-nji goly hökmünde hem hasaba alyndy.

Netijede, Senegal Afrikanyň Milletler Kubogynyň taryhynda ikinji gezek kubogy gazandy. Mundan dört ýyl ozal hem senegallylar finalda Müsüri penalti tapgyrynda ýeňip, ilkinji kubogyny gazanypdy. Şeýlelikde, soňky üç ýaryşyň ikisinde kubok Senegala bardy.

Bu üstünligiň hormatyna Senegalyň prezidenti Bassiru Diomaýe Faýe 2026-njy ýylyň 19-njy ýanwaryny tutuş ýurt boýunça tölegli dynç güni diýip yglan etdi. Şuňa meňzeş karar Senegal ilkinji gezek çempion bolanda hem kabul edilipdi.

Finaldan soň möhüm beýanatlar hem boldy. Toparyň kapitany Sadio Mane Afrikanyň Milletler Kubogy onuň üçin soňky ýaryş bolandygyny aýtdy. 33 ýaşyndaky futbolçy geljekde milli ýygyndyda çykyş etmegi ýaş nesle ynanýandygyny belledi. Şeýle-de, Mane ýaryşyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi. Ol ýedi duşuşygyň hemmesine gatnaşyp, iki gol geçirdi we meýdançada-da, meýdançadan daşarda-da liderlik etdi.

Marokkonyň ýarymgoragçysy Braim Dias bolsa finalyň anti-gahrymanyna öwrüldi. Ol penalti urgusyny ýerine ýetirip bilmese-de, bäş gol bilen ýaryşyň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy we "Altyn aýakgap" baýragyny aldy. Şol bir wagtyň özünde, marokkoly derwezeban Yassin Bunu ýaryşyň iň gowy derwezebany diýlip yglan edildi – ol ýedi oýunda bary-ýogy iki gol goýberdi.

Finaldaky jedelli ýagdaýlar FIFA-nyň hem ünsüni çekdi. Guramanyň prezidenti Janni Infantino senegally futbolçylaryň meýdançany wagtlaýyn terk etmegini we stadionda ýüze çykan dartgynly pursatlary açyk tankytlady. Onuň sözlerine görä, eminleriň kararlaryna hormat goýmak futbolyň esasy ýörelgeleriniň biridir we şeýle ýagdaýlar gaýtalanmaly däldir.

Şeýlelikde, Marokko öz meýdançasynda final utulan dördünji ýurt boldy. Mundan ozal öýünde finaly utulan ýurtlaryň arasynda Tunis (1965), Libiýa (1982) we Nigeriýa (2000) bar. Senegal bilen Marokkonyň arasynda Afrikanyň Milletler Kubogynyň çäginde geçirilen bu ilkinji duşuşyk bolsa taryha altyn harplar bilen ýazyldy.

Emosional pursatlar, jedelli penalti, gahrymanlar we gözýaşlar bilen doly bolan bu final Afrikanyň Milletler Kubogynyň taryhyndaky iň ýatda galyjy duşuşyklaryň biri hökmünde ýatda galar.