"Arkadag" – "Al-Nasr" duşuşygynyň petekleri satuwa çykaryldy
Ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» klubynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň indiki tapgyrynda Saud Arabystanyň «Al-Nasr» kluby bilen geçirjek ilkinji duşuşygynyň petekleri satuwa çykaryldy.
Maglumatlara görä, petekler diňe onlaýn görnüşinde satylýar. Olary Aşgabat şäher häkimliginiň resmi www.ashgabat.gov.tm saýtyndan ýa-da "Sanly Şäher" ykjam goşundysy arkaly satyn alyp bolýar.
Petekler şahsy tertipde resmileşdirilýär. Her petek diňe bir adamyň adyna alnyp bilner we üçünji taraplara berilmeýär. Şeýle-de, satyn alnan petekler yzyna gaýtarylmaýar.

Petek satyn almak üçin ilki bilen saýtda ýa-da ykjam goşundyda "Petek almak" düwmesine basmaly. Soňra telefon belgisi girizilip, ýörite görkezilen kody 0748 gysga belgä sms arkaly ugradylýar. Ondan soň "barlamak" düwmesine basylýar we sms arkaly gelen kod täze açylan sahypada girizilýär. Şeýlelikde ulanyjy hasaba alynýar we petek satyn almaga hukuk gazanýar.
Hasaba alyşdan soň petekleriň sanyny saýlap, stadionyň interaktiw kartasyndan orunlary bellemek mümkin. Bir ulanyjy iň köp 5 petek satyn alyp biler. Emma her bir petek üçin aýratynlykda şahsy maglumatlar girizilmeli:
.jpg)
– uly ýaşlylar üçin pasport maglumatlary;
– 16 ýaşyna ýetmedikler üçin dogluş hakynda şahadatnamanyň maglumatlary.
Şeýle-de, şahsyýeti tassyklamak maksady bilen ulgama surat ýüklemek hökmanydyr. Suraty gönüden-göni enjamyň kamerasy arkaly düşürip ýa-da öňden taýýarlanan suraty saýlap bolýar. Birnäçe adam üçin petek satyn alnan ýagdaýynda, olaryň ýokary hilli suratlaryny öňünden telefona ýa-da kompýutere ýüklemek maslahat berilýär.
Ähli maglumatlar doldurylandan soň, ulanyjy töleg bölümine geçirilýär. Petekleriň bahasy:
– "standart" orunlar üçin — 200 manat;
– "cip" orunlar üçin — 400 manat.
.jpg)
Tölegi Türkmenistanyň islendik bank kartlary arkaly amala aşyrmak bolýar. Stadionyň girelgesinde barlagçylar petek resmileşdirilende girizilen surat bilen gelýän adamy deňeşdirerler.
.jpg)
Ýeri gelende bellesek, «Arkadag» – «Al-Nasr» duşuşygy 11-nji fewralda Aşgabat wagty bilen 18:45-de Aşgabat şäherindäki "Olimpiýa" stadionynda geçiriler. Jogap duşuşygy bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanda bolar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


