Nani Gazagystanyň "Aktobe" klubyna geçmäge ýakyn
Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Luiş Nani karýerasyny Gazagystanyň çempionatynda dowam etdirip biler. Ýerli žurnalistleriň we birnäçe çeşmäniň habar bermegine görä, tejribeli ýarymgoragçy "Aktobe" kluby bilen ylalaşyga gelipdir.
Maglumatlara görä, taraplar 1 ýyllyk şertnama boýunça ähli şertleri ylalaşdy. Naniň aýlygy Gazagystanyň Premýer ligasynyň taryhynda iň ýokary möçberde aýyna 70.000 müň ýewro bolar diýlip bellenilýär. Şol sebäpli bu transfer ýerli futbol üçin iň uly we sesli geçişleriň biri bolup biler.
Nani köpçülige esasan «Mançester Ýunaýted» klubyndaky üstünlikli çykyşlary bilen tanalýar. Ol bu klub bilen dört gezek Angliýanyň Premýer-ligasynyň çempiony boldy, Çempionlar ligasyny, klublaýyn dünýä çempionatyny, şeýle-de birnäçe milli kuboklary gazandy. Şeýle-de futbolçy dürli ýyllarda «Sporting», «Fenerbahçe», «Walensia», «Lazio», «Orlando Siti», «Wenesia», «Melburn Wiktory», «Adana Demirspor» we «Estrela» klublarynyň düzüminde çykyş etdi.
Habarlara görä, 39 ýaşly portugaliýaly futbolçy 22-nji ýanwarda ilki Almaty şäherine gelip, soňra Aktobe ugrar. Şol ýerde onuň täze kluby hökmünde resmi tanyşdyrylyşy geçiriler diýlip garaşylýar.
Şeýle-de belläp geçsek, «Aktobe» kluby häzirki döwürde öz eýesi Nurlan Artykbaýewiň ýolbaşçylygynda işleýär. Ol bu kluby ýakynda satyn aldy. "Forbes"-yň maglumatlaryna görä, Artykbaýewiň baýlygy takmynan 228 million dollara barabardyr. Onuň golunyň aşagynda kluby maliýe taýdan güýçlendirmek we iri maksatlara taraplaşmak ugrunda iş alyp barýar.
Ýatladyp geçsek, Nani bir ýyldan gowrak wagt ozal professional futboldan gidendigini mälim edipdi. Şeýle-de 2025-nji ýylda Moskwa şäherinde Media ligasynda birnäçe duşuşyga gatnaşypdy. Häzirki wagtda bu maglumatlar heniz resmi taýdan tassyklanmady, ýöne ýerli žurnalistler transferiň ýakyn wagtda yglan ediljekdigini belleýärler.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


