Teýmur Çaryýew "Bars" klubynyň oýunçysy boldy

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Teýmur Çaryýew Gyrgyzystanyň «Bars» kluby bilen şertnama baglaşdy. Bu barada klubyň sosial ulgamlarynda resmi habar berildi.

Futbolçynyň professional karýerasy Türkmenistandaky «Energetik Mary» klubynda başlapdy. 2023-nji ýylda Çaryýew Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» klubyna geçip, bu topar bilen ýurduň çempionatynda iki gezek çempion boldy hem-de ähli ýaryşlary goşmak bilen 66 duşuşyga gatnaşdy.

Soňky möwsümde ol Belarusyň «Torpedo-BelAZ» (Žodino) klubynyň düzüminde çykyş edip, 35 duşuşykda 1 gol we 2 asist bilen tapawutlandy. Şeýle-de, soňky 8 ýylyň dowamynda ilkinji gezek türkmen futbolçysy Ýewrokubok oýunlaryna gatnaşdy.

Çaryýew Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 14 duşuşykda meýdança çykyp, 1 gol geçirdi. "Transfermarkt" portalynyň maglumatyna görä, ýarymgoragçynyň häzirki bazar bahasy 250 müň ýewro diýlip görkezilýär.

«Bars» — Gyrgyzystanyň Premýer ligasynda çykyş edýän professional futbol kluby bolup, Karaköl şäherine wekilçilik edýär. Klub 2024-nji ýylyň ahyrynda döredildi we 2025-nji möwsümde öz taryhyndaky ilkinji möwsüminde Gyrgyzystanyň çempiony boldy. «Bars» öý duşuşyklaryny 3380 tomaşaçy sygýan "Yntymak Arena" stadionynda geçirýär.

Şeýle-de klub AFK-nyň Çagyryş ligasy 2026/27 ýaryşyna gatnaşmak hukugyny gazandy.