Rud wan Nistelroý Gollandiýanyň tälimçiler düzümine goşuldy

Gollandiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynda tälimçiler düzüminde üýtgeşme boldy. Resmi maglumatlara görä, meşhur hüjümçi Rud wan Nistelroý milli ýygyndynyň baş tälimçisi Ronald Kumanyň kömekçi tälimçisi hökmünde işe başlady.

49 ýaşly hünärmen Kuman bilen işleýän tälimçiler toparynda üçünji kömekçi bolar. Ondan öň bu wezipedäki tälimçiler hökmünde Erwin Kuman we Wim Ýonk iş alyp barýardylar. Wan Nistelroý milli ýygyndyda tälimçi hökmünde ilkinji gezek däl — ol ozal 2014–2016-njy ýyllarda hem-de 2020-nji ýylyň martyndan 2021-nji ýylyň iýulyna çenli bu wezipede işläpdi.

Tälimçilik karýerasynda Rud wan Nistelroý klublar derejesinde hem tejribe toplady. Ol Angliýanyň «Lester» klubyna hem-de Gollandiýanyň «PSW» klubyna baş tälimçi hökmünde ýolbaşçylyk etdi. Soňky gezek ol 2025-nji ýylyň tomsunda «Lester» klubyndan gidip, tälimçilikden wagtlaýyn dynç alýardy.

Rud wan Nistelroý futbolçy hökmünde «Mançester Ýunaýted» we «Real» ýaly dünýä belli klublaryň düzüminde çykyş edip, uly abraý gazanypdy. Indi bolsa ol milli ýygyndy derejesinde tälimçilik tejribesini dowam etdirer.

Belläp geçsek, Gollandiýanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşar. Bu iri futbol baýramçylygy 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Toparçalaýyn tapgyrda "mämişiler" Tunis we Ýaponiýa ýygyndylary bilen duşuşar, toparçadaky üçünji garşydaş bolsa ýaz aýlarynda belli bolar.