APL. "Kristal Pelasyň" baş tälimçisi Oliwer Glasner möwsümiň ahyrynda klubdan gider
«Kristal Pelas» klubynyň baş tälimçisi Oliwer Glasner möwsümiň ahyrynda London toparyndan aýryljakdygyny resmi taýdan mälim etdi. Awstriýaly hünärmen bu barada metbugat ýygnagynda çykyş edip, klub bilen täze şertnama baglaşmajakdygyny aýtdy.

51 ýaşly tälimçi 2024-nji ýyldan bäri «Kristal Pelas» klubyna ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýolbaşçylygynda topar öz taryhynda ilkinji gezek Angliýanyň Kubogyny hem-de Angliýanyň Superkubogyny gazandy. Glasneriň häzirki şertnamasy iýun aýynyň ahyryna çenli hereket edýär.
Tälimçi çykyşynda oktýabr aýynda milli ýygyndy arakesmesinde klub ýolbaşçylary bilen duşuşandygyny we şol wagt täze şertnama baglaşmajakdygyny aýdandygyny belledi. Şonda bu meseläniň içerde galmagy barada ylalaşylandygyny, indi bolsa toparyň özüne hem bu karary mälim edendigini aýtdy.
Şeýle-de Glasner toparyň esasy goragçysy Mark Gehiniň başga bir kluba geçmäge örän ýakyndygyny tassyklady. Şol sebäpli futbolçy Premýer-liganyň nobatdaky tapgyrynda 17-nji ýanwarda «Sanderlend» bilen boljak duşuşykda meýdança çykmaz. Tälimçi häzirlikçe futbolçynyň täze klubynyň adyny açyp bilmejekdigini, sebäbi gepleşikleriň heniz doly tamamlanmandygyny aýtdy.
Metbugat çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Mark Gehi «Mançester Siti» klubyna 20 million funt sterling töwereginde geçmäge ýakyn.
Häzirki wagtda «Kristal Pelas» Premýer-ligada 21 oýundan soň 28 utuk toplap, ýaryş sanawynda 13-nji orunda barýar. Möwsümiň galan bölegi Glasner üçin klubdaky soňky iş döwri bolar, soň bolsa ol karýerasynda täze tapgyra geçmegi meýilleşdirýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


