"Arkadag" — "Weres": ýoldaşlyk duşuşygy meýilleşdirilýär
Ukrainanyň «Weres» klubynyň sosial ulgamlarynda paýlaşylan maglumatlara görä, ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» kluby 25-nji ýanwarda bu topar bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Duşuşygyň «Arkadag» klubynyň häzirki wagtda dowam edýän Türkiýäniň Antalýa şäherinde dowam edýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Belläp geçsek, «Weres» kluby Ukrainanyň Premýer-ligasynda çykyş edýär. 2025/26-njy möwsümiň 15 tapgyryndan soň topar 18 utuk toplap, çempionatyň sanawynda 11-nji orunda ýerleşýär. Bu çempionatda jemi 16 klub çykyş edýär.
.jpg)
Şol bir wagtyň özünde, ozal meýilleşdirilen «Arkadag» — «Septemwri Sofiýa» ýoldaşlyk duşuşygynyň ýatyrylandygy mälim boldy. Şeýle-de, okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda «Arkadag» kluby 31-nji ýanwarda Özbegistanyň çempiony «Neftçi» kluby bilen hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada garşydaş klub öz sosial ulgamlarynda habar berdi.
.jpg)
Belläp geçmek gerek, «Arkadag» klubynyň resmi metbugat gullugy ýokarda agzalan ýoldaşlyk duşuşyklary boýunça häzirlikçe resmi tassyklama bermedi.
.jpg)
Ýeri gelende bellesek, «Arkadag» kluby AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň indiki tapgyrynda Saud Arabystanyň «Al-Nasr» kluby bilen iki duşuşykdan ybarat garşylaşyk geçirer. Ilkinji oýun 11-nji fewralda Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de Aşgabat şäherindäki "Olimpiýa" stadionynda bolar. Jogap duşuşygy bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanda geçiriler.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


