La Liga. Mbappe "Lewante" bilen oýna gatnaşmaz
Madridiň «Real Madrid» klubynyň fransuz hüjümçisi Kilian Mbappe, La Liganyň 20-nji tapgyrynda «Lewante» garşy geçiriljek duşuşyga çykmaz. Muňa futbolçynyň dyzyndaky näsazlyk sebäp boldy.
Mbappe dekabr aýynyň ahyrynda şikes aldy. Ispaniýanyň Superkubogynyň finalynda «Barselona» garşy oýunda (2:3) ol 76-njy minutda meýdança çykdy. Soňra Kubokdaky «Albasete» bilen duşuşygy (2:3) doly sypdyrdy.
Maglumatlara görä, fransuz futbolçynyň «Monako» garşy geçiriljek oýna gatnaşmagy hem uly sorag astynda. Mbappe saglygyny töwekgelçilige salmazdan, diňe doly sagalandan soň meýdança dolanmagy makul bilýär.
Habar berlişi ýaly, ol 15-nji ýanwarda klubyň Waldebebasdaky bazasynda umumy topar bilen türgenleşdi, emma durnukly ýagdaýyna entek doly gelmedi.
Netijeler boýunça, Mbappe şu möwsüm La Ligada 18 gol geçirdi, ähli ýaryşlarda bolsa «Real Madridiň» düzüminde 25 oýunda 29 gol bilen tapawutlandy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


