Transfer. Konor Gallaher Angliýa dolandy
Iňlis ýarymgoragçy Konor Gallaher Madridiň «Atletiko» klubyndan Londonyň «Tottenhem» klubyna transfer edildi. Bu barada iňlis kluby resmi taýdan habar berdi.

25 ýaşly futbolçy «Tottenhem» bilen 2031-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama gol çekdi. Transferiň bahasy resmi taýdan yglan edilmese-de, maglumatlara görä geleşik takmynan 40 million ýewro barabar boldy.
Gallaher ozal «Çelsi» klubynyň düzüminde çykyş edipdi we hut şol klubyň ýetişdiren futbolçysydyr. Ol 2024-nji ýylda «Atletiko» geçipdi. Madridiň klubynyň düzüminde ähli ýaryşlarda 77 oýna gatnaşyp, 7 gol geçirip, 7 asist etdi.
2024-nji ýylyň tomsunda «Çelsi» Gallaheri «Atletiko» satypdy, emma iki ýyl dolman futbolçy Angliýa dolanyp geldi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


