Afrikanyň Milletler Kubogy: Senegal bilen Marokko finalda duşuşar

Afrika Milletler Kubogynyň ýarym finalynda Senegal milli ýygyndysy Müsür milli ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň ýeke-täk goluny Sadio Mane geçirdi. Şol gol Senegal ýygyndysyny finala çykardy. Senegallylar soňky bu dört kubogyň üçüsinde finala çykmagy başardy we bu ýaryşda 17 oýundan bäri utulmaýar (12 ýeňiş, 5 deňme-deňlik).

Beýleki ýarym finalda Marokko milli ýygyndysy bilen Nigeriýa milli ýygyndysy duşuşdy. Esasy hem goşmaça wagt 0:0 hasabynda tamamlandy, penaltilerde bolsa marokkalylar 4:2 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, Afrikanyň Milletler Kubogynyň finalynda Senegal bilen Marokko duşuşar. Final oýny 18-nji ýanwardan 19-njy ýanwara geçilýän gijede, Aşgabat wagty bilen 00:00-da geçiriler. Üçünji ýer ugrunda bolsa Nigeriýa bilen Müsür duşuşar.