Türkmenistanly futbolçylar Belarus çempionatyny terk edýär
Telegramdaky "Aziýa-Sport" kanalynyň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Wepa Jumaýew Belarus çempionatyny terk etdi. Ondan öň hem türkmenistanly futbolçy Teýmur Çaryýew bu ýurtdan gidipdi.
Kanalyň mahlumatlaryna görä Wepa Jumaýew karýerasyny Özbegistanyň Pro-Ligasyndaky klublaryň birinde dowam etdirer. Çaklama boýunça, goragçynyň «Gazalkent» ýa-da «Şurtan» klublarynyň birine geçmegi mümkin. Häzirlikçe bu maglumatlar resmi taýdan tassyklanmady.
Ozal habar berlişi ýaly, Teýmur Çaryýew hem Belarus çempionatyndan gidip, «Bars» klubyna geçipdi. Şeýlelikde, soňky döwürde Belarus çempionatyndan iki türkmenistanly futbolçy karýerasyny başga ýurtlarda dowam etdirmek kararyna geldi.
Çeşmeleriň bellemegine görä, futbolçylaryň Belarus çempionatyndan gidmeginiň esasy sebäbi maliýe düzgünleriniň berkidilmegi bilen bagly bolup, bu ýagdaý daşary ýurtly oýunçylaryň şertnamalaryna we zähmet haklaryna täsir etdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


