Transfer. Begmyrat Baýow "Altyn Asyr" klubyna gaýdyp geldi
Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň klublarynyň arasynda nobatdaky üýtgeşme hasaba alyndy. Paýtagtymyzyň «Aşgabat» klubynyň 27 ýaşly ýarymgoragçysy Begmyrat Baýow ýene-de paýtagtymyzyň başga bir kluby «Altyn Asyryň» düzümine goşuldy.
Begmyrat Baýow 2025-nji ýylyň tomsunda «Ahal» klubyndan «Aşgabada» geçipdi. Ondan öň bolsa ol «Arkadag» we «Altyn Asyr» klublarynyň düzüminde çykyş edip, tejribeli futbolçy hökmünde tanalýar.

Baýow Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde ilkinji duşuşygyny 2022-nji ýylda geçirip, şondan bäri milli toparyň köýneginde jemi 9 duşuşykda meýdança çykdy. "Transfermarkt" portalynyň häzirki maglumatlaryna görä, Begmyrat Baýowyň bazar bahasy 100 müň ýewro diýlip görkezilýär.
Şeýle-de, ozal habarlarymyzda belläp geçişimiz ýaly, «Altyn Asyryň» düzüminde ýene-de bir üýtgeşme bolupdy. 22 ýaşly ýarymgoragçy Ali Haýdarow paýtagtymyzyň «Altyn Asyrdan» Marynyň «Merw» klubyna geçdi.
Ýeri gelende bellesek, Ýokary liganyň 2025-nji möwsüminde «Aşgabat» 24 utuk toplap, ýaryşy altynjy orunda tamamlady. «Altyn Asyr» bolsa 53 utuk bilen çempionaty üçünji orunda jemledi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


