"Arkadag" – "Septemwri Sofiýa" ýoldaşlyk duşuşygy geçirilip bilner

Duşuşyklary yzarlanýan programmalarda ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» klubynyň Bolgariýanyň «Septemwri Sofiýa» kluby bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirjekdigi görkezilýär. Şol maglumatlara görä, duşuşyk 16-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 18:00-da geçirilip biler.

Bu duşuşygyň «Arkadag» klubynyň häzirki wagtda Türkiýäniň Antalýa şäherinde dowam edýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde geçirilmegi ähtimal. Ozal habar berşimiz ýaly, «Arkadag» kluby 12-nji ýanwardan 2-nji fewral aralygynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmek maksady bilen Türkiýä ugrady. Häzirki wagtda topar Antalýa şäherinde bolup, türgenleşiklerini geçirýär.

Belläp geçsek, «Septemwri Sofiýa» kluby Bolgariýanyň Birinji ligasynda çykyş edýär. Klub möwsümiň 19 tapgyryndan soň 15 utuk toplap, ýaryşyň sanawynda 15-nji orunda ýerleşýär we häzirki wagtda çempionatdaky çykyşlaryny dowam etdirýär. Olaryň çempionatynda jemi 16 klub bar.

Şeýle-de, okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda «Arkadag» kluby 31-nji ýanwarda Özbegistanyň çempiony «Neftçi» kluby bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Bu barada garşydaş klub öz sosial ulgamlarynda habar berdi. Bu duşuşyk hem Antalýa şäherinde geçiriler.

Şol bir wagtyň özünde, «Arkadag» klubynyň resmi metbugat gullugy ýokarda agzalan ýoldaşlyk duşuşyklary barada häzirlikçe hiç-hili resmi tassyklama bermedi.

Ýeri gelende bellesek, «Arkadag» kluby AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň indiki tapgyrynda Saud Arabystanyň «Al-Nasr» kluby bilen iki duşuşykdan ybarat garşylaşyk geçirer. Ilkinji oýun 11-nji fewralda Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de Aşgabat şäherindäki "Olimpiýa" stadionynda bolar. Jogap duşuşygy bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanda geçiriler.