Habib Nurmagomedow "Real Madridiň" Habi Alonso bilen hoşlaşmagyny tankytlady

"UFC"-niň öňki çempiony Habib Nurmagomedow Madridiň «Real Madrid» klubynyň baş tälimçi Habi Alonso bilen ýollaryny aýyrmagy baradaky kararyny aç-açan tankytlady. Ol meseläniň tälimçide däl-de, toparyň içindäki ýagdaýda bolandygyny nygtap, kluby "kaprizli" futbolçylardan dynmaga çagyrdy.

«Real Madrid» duşenbe güni Alonsonyň klubdan gidendigini resmi taýdan mälim etdi. 44 ýaşly ispan hünärmen bilen şertnama taraplaryň özara ylalaşygy esasynda bes edildi.

Nurmagomedowyň bellemegine görä, tälimçi zala-da, meýdança-da jogapkär esasy şahs bolup durýar:

Sen zala gelýäňmi ýa-da futbol meýdançasyna, tapawudy ýok — söweşijilermi ýa futbolçylarmy, esasy düzgünleri baş tälimçi goýýar. Eger toparyň içinde onuň talaplaryny hemmäniň berjaý etmeýän ýagdaýy emele gelse, onda bu bilelik uzak dowam etmez.

Men Alonsony häzirki zaman futbolynyň iň güýçli üç tälimçisiniň biri hasaplaýaryn. Eger topar onuň bilen işleşip bilmese, tälimçini däl-de, futbolçylary çalyşmak gerek. Häzirki düzümi bilen «Real Madridde» hiç bir tälimçi üstünlik gazanyp bilmez. Kaprizli oýunçylardan dynmaly — diýip, Nurmagomedow sosial ulgamlarda ýazdy.

Habi Alonso «Real Madridiň» baş tälimçisi wezipesine 2025-nji ýylyň 25-nji maýynda bellenipdi. Onuň ýolbaşçylygynda topar ähli ýaryşlarda 34 oýun geçirip, 24 ýeňiş gazandy, 4 duşuşyk deňme-deň tamamlandy we 6 gezek utuldy.

«Real Madridden» öň Alonso Germaniýanyň «Baýer Lewerkuzen» klubynda üstünlikli işläp, çempionat, Kubok we Superkubok gazanypdy.