Ali Haýdarow "Merw" klubyna geçdi
Türkmenistanyň Ýokary ligasynda klublarynyň arasynda täze transfer amala aşyryldy. 22 ýaşly ýarymgoragçy Ali Haýdarow paýtagtymyzyň «Altyn Asyr» klubyndan Marynyň «Merw» klubyna geçdi.
Ali Haýdarow «Altyn Asyr» klubynyň düzüminde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň 2025/26-njy möwsüminde 3 duşuşykda meýdança çykyp, jemi 48 minut oýnady. Bu ýaryşda «Altyn Asyr» topary 6 utuk toplap, toparçany ikinji orunda tamamlady we indiki tapgyra çykyp bilmedi.
Şeýle-de, Ali Haýdarow Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli milli ýygyndysynyň düzüminde 3 oýunda çykyş etdi.
Ýeri gelende bellesek, Ýokary liganyň 2025-nji möwsüminde «Merw» topary 12 utuk bilen sekizinji orny eýeledi. «Altyn Asyr» bolsa 53 utuk bilen çempionaty üçünji orunda jemledi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


