La Liga. Habi Alonso "Real Madridden" gidenden soň janköýerlere ýüzlendi

Ispaniýaly tälimçi Habi Alonso «Real Madrid» klubyndan gidenden soň janköýerlere resmi ýüzlenme bilen çykyş etdi. "Korol" kluby onuň işden boşadylandygyny 12-nji ýanwarda resmi taýdan mälim edip, baş tälimçi wezipesine Alwaro Arbeloany belläp geçdi.

Alonso öz beýanatynda Madriddäki iş tapgyrynyň taraplaryň garaşyşy ýaly tamamlanmandygyny, emma kluby doly borç bilen terk edýändigini aýtdy.

Bu hünär ýolum tamamlandy, netijesi bolsa isleýşimiz ýaly bolmady. «Real Madridde» işlemek — uly abraý hem-de ägirt uly jogapkärçilik. Kluba, futbolçylara we iň esasysy hem janköýerlere — ähli madridçilere goldawlary we ynamy üçin minnetdarlyk bildirýärin. Men bu ýerden hormat, minnetdarlyk we hemişe ähli güýjümi berenime buýsanç bilen gidýärin — diýip, Alonso sosial ulgamlarda ýazdy.

Habi Alonso «Real Madridiň» baş tälimçisi wezipesine 2025-nji ýylyň 25-nji maýynda bellenipdi. Onuň ýolbaşçylygynda topar ähli ýaryşlarda 34 oýun geçirip, 24 ýeňiş gazandy, 4 duşuşyk deňme-deň tamamlandy we 6 gezek utuldy.

«Real Madridden» öň Alonso Germaniýanyň «Baýer Lewerkuzen» klubynda üstünlikli işläp, çempionat, Kubok we Superkubok gazanypdy.