Transfer. Žoau Kanselu "Barselonada" – yglan edildi, soň wagtlaýyn aýryldy

Portugaliýaly goragçy Žoau Kanselu kärende hukugynda «Barselona» klubyna geçdi. Katalon kluby ony Saud Arabystanyň «Al-Hilal» klubyndan 2025/26 möwsüminiň ahyryna çenli kärendesine aldy. Futbolçy «Barselonada» 2-nji belgide çykyş eder.

Klubyň maglumatyna görä, bu kärende "gök-gyzyllar" üçin 4 million ýewro düşdi. Kanselu şikesli Andreas Kristenseniň ornuna klubyň sanawyna giriziler, bu hem gorag ugruny güýçlendirmäge mümkinçilik berýär.

Bu portugaliýaly futbolçy üçin «Barselonadaky» ikinji tapgyrdyr. Ol 2023/24 möwsüminde-de bu klubyň düzüminde kärende esasynda çykyş edip, 42 oýna gatnaşdy, 4 gol geçirdi we 5 asist berdi. Häzirki möwsümiň ilkinji böleginde bolsa «Al-Hilalda» 6 oýna çykyp, 1 gol we 2 asist bilen tapawutlandy. "Transfermarkt" portaly onuň bazar bahasyny takmynan 10 million ýewro diýip görkezýär.

Kanselu ozal «Benfika», «Walensiýa», «Inter», «Ýuwentus», «Bawariýa» hem-de «Mançester Siti» klublarynda-da çykyş edipdi. Geçen tomus ol «Al-Hilala» 25 million ýewro töweregi töleg bilen geçipdi, indi bolsa ýene Ýewropa dolandy.

Şol bir wagtyň özünde, «Barselona» Kanselunyň gaýdyp gelşi baradaky ähli ýazgylary resmi saýtyndan we sosial ulgamlaryndan wagtlaýyn aýyrdy. Futbolçynyň özi hem «Barselona» dolanandygyny görkezýän suratlaryny bozdy. Munuň sebäbi käbir resminamalaryň heniz doly taýýarlanmadygy bilen baglanyşyklydyr.

Häzirki wagtda klub degişli taraplar bilen resminama alyş-çalyşyny dowam etdirýär we geçiş boýunça hiç hili mesele ýok diýlip bellenildi. Ähli zerur resminamalar gol çekilenden soň, «Barselona» bu transferi täzeden resmi ýagdaýda yglan eder.

Häzirki wagtda «Barselona» Ispaniýanyň çempionatynda 49 utuk bilen birinji orunda barýar we ikinji orundaky «Real Madridiň» öňünde 4 utuk artyklygy bar. Klub indiki duşuşygyny ýurduň Kubogynyň 1/8 final tapgyrynda «Rasing» klubyna garşy myhmançylykda geçirer.