«PSŽ» Fransiýanyň Kubogynda goňşy klubdan ýeňildi
Fransiýanyň Kubogynyň 1/16 finalynda «PSŽ» öz meýdançasynda 15 kilometr daşlykdaky goňşy kluby «Pariždan» 0:1 hasaby bilen utuldy. Pariž derbisinde ýeke-täk goly Žonatan Ikone geçirdi.

Duşuşyk 13-nji ýanwara geçilýän gije geçirildi. Oýunda doly artykmaçlyga eýe bolan «PSŽ» köp sanly mümkinçilik döretdi: klub derwezä 21 gezek urgy urdy, topa eýelik etmekde hem 68 göterim görkezijä ýetdi. Şeýle-de bolsa, bu artykmaçlyklar gol bilen jemlenmedi. «Pariž» bolsa dört urgy bilen çäklenip, netijeli oýnady.
Şeýlelikde, geçen möwsüm kubogyň eýesi bolan «PSŽ» Fransiýanyň Kubogy bilen hoşlaşmaga mejbur boldy. Klubyň baş tälimçisi Luis Enrikeniň ýolbaşçylygyndaky klub bu ýaryşdan 1/16 final tapgyrynda çykdy.
Statistika boýunça "Opta"-nyň maglumatlaryna görä, soňky 20 ýylyň dowamynda «PSŽ» Fransiýanyň Kubogyndan şeýle ir tapgyrda bary-ýogy iki gezek çykdy. Ilkinji gezek bu ýagdaý 2013/2014 möwsüminde bolup, şol wagt hem klub öz meýdançasynda «Monpelýeden» 1:2 hasaby bilen utulypdy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

