Habi Alonso "Real Madridiň" baş tälimçiliginden gitdi, Arbeloa bellenildi

Habi Alonso taraplaryň özara ylalaşygy esasynda «Real Madridiň» baş tälimçisi wezipesinden gitdi. Bu barada klub resmi saýtynda habar berdi. 44 ýaşly hünärmen häzirki möwsümiň öňüsyrasynda topary kabul edipdi. Ýekşenbe güni bolsa «Real» Ispaniýanyň Superkubogynyň finalynda «Barselona» 2:3 hasaby bilen ýeňildi.

Klubyň beýannamasynda Habi Alonsonyň «Real» üçin hemişe uly hormata mynasypdygy, onuň klub gymmatlyklaryny hemişe gorandygyny bellenilýär. Şeýle-de, klub tälimçä we onuň toparyna eden işi üçin minnetdarlyk bildirip, geljekki ýolunda üstünlik arzuw etdi.

Häzirki wagtda «Real» Ispaniýanyň çempionatynda 45 utuk bilen ikinji orunda barýar, Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynda bolsa ýedinji basgançagy eýeleýär. Alonso mundan ozal Germaniýanyň «Baýer Lewerkuzen» klubyna tälim berip, Germaniýanyň çempiony, Kubogyň we Superkubogyň eýesi bolupdy, şeýle-de «Real Sosiedadyň» ýaşlar toparyny dolandyrypdy.

Şol bir wagtyň özünde, klubyň resmi habaryna görä, 42 ýaşly Alwaro Arbeloa «Real Madridiň» täze baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Şertnamanyň möhleti mälim edilmedi. Arbeloa 2025-nji ýylyň iýun aýyndan bäri «Kastilýanyň» — «Real Madridiň» ikinji toparynyň baş tälimçisi bolup işleýärdi.

Arbeloa «Real Madridiň» öz terbiýelän futbolçysydyr. Ol oýunçy hökmünde klub bilen Ispaniýanyň çempiony, iki gezek Kubogyň eýesi, iki gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi bolup, şeýle-de Ispaniýanyň we Ýewropanyň Superkuboklaryny gazandy.