Wepa Jumaýew "Witebsk" klubyny terk etdi

Türkmenistanly goragçy Wepa Jumaýew Belarusyň «Witebsk» klubyny terk etdi. Bu barada klub öz sosial ulgamlarynda habar berdi.

25 ýaşly futbolçy «Witebsk» klubynda 2024-nji ýyldan bäri çykyş edip, bu döwürde jemi 42 duşuşykda meýdança çykdy we 2 asist berdi. Ol karýerasynda mundan ozal «Lokomotiw Gomel» hem-de «SKA-1938 Minsk» klublarynyň düzüminde hem çykyş edipdi.

Wepa Jumaýew Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 6 oýunda çykyş edip, 1 gol geçirdi.