"Norwiç" – "Wolsol" oýnunda janköýer aradan çykdy
Angliýanyň Kubogynyň 1/32 final tapgyrynda geçirilen «Norwiç» – «Wolsol» duşuşygynda pajygaly waka boldy. «Norwiç» futbol klubynyň janköýeri oýun wagty özüni erbet duýup, soňra aradan çykdy.

Duşuşyk ýekşenbe güni Norwiç şäherinde, "Karrou Roud" stadionynda geçirildi we meýdan eýeleriniň 5:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Oýun dowam eden pursatlarynda janköýere lukmançylyk kömegi berildi. "Norwich Evening News" neşiriniň habar bermegine görä, şaýatlaryň biri adynyň aýdylmazlygyny sorap, lukmanlaryň janköýere emeli dem aldyryş edip duranyny görendigini aýtdy. Stadionyň çäginde azyndan dört sany tiz kömek awtoulagy bellige alyndy.
«Norwiç» klubynyň metbugat gullugy resmi beýannamada şeýle diýýär:
"Karrou Roud-da" geçirilen Angliýanyň Kubogyndaky duşuşykdan soň janköýerimiziň aradan çykandygyny gynanç bilen habar berýäris. Adatdan daşary ýagdaýda kömek eden lukmançylyk işgärlerine, stýuardlara we ýakyn ýerde bolan janköýerlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris. Janköýeriň maşgalasy habarly edildi. Klub bu agyr pursatda goldaw bermek üçin polisiýa bilen hyzmatdaşlyk eder."

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

