"Arkadag" kluby Antalýa şäherine bardy

Ozal ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» kluby 12-nji ýanwardan 2-nji fewral aralygynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmek maksady bilen Türkiýä ugrar diýip habar beripdik. Şol meýilnama laýyklykda, topar şu gün – 12-nji ýanwarda Türkiýäniň Antalýa şäherine baryp ýetdi.
«Arkadag» kluby Antalýa şäherindäki "Miracle Resort" myhmanhanasyna ýerleşdi we ýygnanyşygyň çäginde türgenleşiklerine başlar.Ýygnanyşygyň dowamynda «Arkadag» 31-nji ýanwarda Özbegistanyň çempiony «Neftçi» kluby bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Bu barada garşydaş toparyň sosial ulgamlarynda habar berildi. Duşuşyk Antalýa şäherinde geçiriler. «Arkadag» okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny tamamlandan soň, 2-nji fewralda ýurdumyza dolanar.

Ýeri gelende bellesek, «Arkadag» kluby AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň indiki tapgyrynda Saud Arabystanyň «Al-Nasr» kluby bilen iki duşuşykdan ybarat garşylaşyk geçirer. Ilkinji oýun 11-nji fewralda Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de Aşgabat şäherindäki "Olimpiýa" stadionynda bolar, jogap duşuşygy bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanda geçiriler.