Denis Titow "Rostow" klubynyň esasy düzüminde
Türkmenistanly 19 ýaşly hüjümçi Denis Titow, Russiýanyň «Rostow» klubynyň esasy düzüminde "FONBET" gyşky ýygnanyşyklara gatnaşýar. Klub tarapyndan hödürlenen oýunçylaryň sanawynda hem onuň ady bar.

Denis 2025-nji ýylda «Rostow» klubynyň ýaşlar düzüminde 23 duşuşykda meýdança girip, 8 gol geçirdi we 7 asist etdi. Ol Aşgabadyň Olimpiýa ätiýaçlyk mekdebiniň okuwçysy bolup, «Rostow» kluby bilen ilkinji şertnamasyny 2022-nji ýylyň ahyrynda, 16 ýaşyndaka baglaşypdy. Şondan bäri hüjümçi klubyň ýetginjekler we ýaşlar toparlarynda çykyş etdi. 2024-nji ýylda bolsa «Rostowyň» höwesjeňler ligasynda iň gowy oýunçy diýlip yglan edildi.
Denis Titow Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mihail Titowyň jigisi bolup durýar.

28 ýaşly Mihail Titow häzirki wagtda Gyrgyzystanyň «Uzgen» klubynda çykyş edýär. Ol bu klub bilen şertnamasyny 2026-njy ýylyň ahyryna çenli uzaltdy. Mihail geçen möwsümde Gyrgyzystanyň Premýer ligasynda 24 oýunda 8 gol we 3 asist bilen tapawutlandy, Kubokda bolsa 1 duşuşykda 1 gol geçirdi. "Transfermarkt" portalynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda onuň bazar bahasy 200 müň ýewro diýlip baha berilýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

