Ispaniýanyň Superkubogy: Kubok ýene-de katalonlarda

Saud Arabystanyň Jidda şäherinde geçirilen Ispaniýanyň Superkubogynyň finalynda «Barselona» bilen «Real Madrid» duşuşdy. "King Abdullah Sports City" stadionynda geçen duşuşyk katalon klubynyň 3:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykda «Barselonanyň» esasy gahrymany Rafinýa boldy. Braziliýaly futbolçy 36-njy hem-de 73-nji minutlarda tapawutlanyp, dubl etdi. Ýene bir goly bolsa 45+4-nji minutda Robert Lewandowski geçirdi. «Real Madridiň» düzüminde Winisius Junior (45+2) we Gonzalo Garsiýa (45+7) gollary bilen jogap berdi. Oýnuň ahyrynda, 90+1-nji minutda «Barselonanyň» ýarymgoragçysy Frenki de Ýong göni gyzyl kart alyp, meýdançadan çykaryldy.

Bu ýeňiş bilen «Barselona» Ispaniýanyň Superkubogyny 16-njy gezek gazanyp, ýaryşyň taryhynda iň köp bu kubogy alan klub hökmündäki ornuny berkitdi. «Real Madridiň» hasabynda bolsa 13 Superkubok bar.

Şeýle-de bu final soňky bir ýylyň dowamynda iki klubyň arasyndaky garşydaşlykda katalonlaryň üstünligini ýene bir gezek görkezdi. «Barselona» soňky 365 günüň dowamynda «Real Madridi» Ispaniýanyň Superkubogynda, Kubogynda hem-de La Ligada ýeňip, ähli esasy içerki kuboklary gazanmagy başardy. Hansi-Diter Fligiň ýolbaşçylygynda klub Ispaniýada gatnaşan dört finalynyň dördüsinde-de ýeňiş gazandy.