Ispaniýanyň Superkubogy: finalda "Barselona" – "Real Madrid" duşuşar
11-nji ýanwardan 12-nji ýanwara geçilýän gije Saud Arabystanyň Jidda şäherinde Ispaniýanyň Superkubogynyň esasy duşuşygy geçiriler. Finalda birek-birege esasy garşydaş bolan «Barselona» bilen «Real Madrid» duşuşar.

Oýun "Korol Abdalla Sports Siti" stadionynda geçiriler we Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlar.
Katalon kluby ýarym final tapgyrynda «Atletik» klubyny 5:0 hasaby bilen ynamly ýeňip, finala çykdy. «Real Madrid» bolsa Madrid derbisinde «Atletiko» bilen bolan duşuşykda 2:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, finalyň ýollanmasyna eýe boldy.
Häzirki wagtda Ispaniýanyň Superkubogynyň eýesi «Barselona» bolup durýar. Geçen ýylky finalda Hans-Diter Fligiň ýolbaşçylygyndaky katalonlar «Real Madridi» 5:2 hasaby bilen ýeňip, kubogy gazanypdy.
Finalyň öňüsyrasynda «Real Madridiň» fransuz hüjümçisi Kilian Mbappe umumy topar bilen türgenleşige gatnaşdy. Ol dekabr aýynyň ahyrynda çep dyzynyň baglamalaryny dartyp oňaýsyzlyk duýupdy. Şeýle-de esasy topar bilen Raul Asensio hem-de Rodrigo türgenleşik geçirdi, emma goragçy Antonio Rüdiger taýýarlyga gatnaşmady.
Mbappe şu möwsümde «Real Madridiň» düzüminde 24 duşuşyk geçirip, 29 gol saldy hem-de 5 asist etdi.
Şeýlelikde, ýekşenbe güni futbol janköýerlerine Ispaniýanyň Superkubogynyň finalynda «Barselona» – «Real Madridiň» arasynda uly duşuşyk garaşýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

