Kubokda erteki: "Maklsfild" kubogyň eýesini ýeňdi, "Rekshem" hem taryhy ýeňiş gazandy
Angliýanyň Kubogynda hakyky öwrülişik boldy. Altynjy ligada çykyş edýän «Maklsfild Taun» 1/32 finalda geçen möwsümiň çempiony «Kristal Pelasy» 2:1 hasaby bilen ýeňip, ýaryşdan çykardy.

Duşuşyk "Moss Rouz" stadionynda geçirildi we ony 5 326 janköýer tomaşa etdi. Oýnuň 43-nji minudynda Pol Douson, 60-njy minudynda bolsa Isaak Bakli-Rikkets «Maklsfildi» öňe saýlady. Premýer-liganyň kluby diňe 90-njy minutda Ýeremi Pinonyň goly bilen jogap berip bildi, emma bu hem halas etmedi. Şeýlelikde, «Maklsfild» indiki tapgyra çykdy.
Bu netijäniň aýratyn ähmiýeti bar: 1908/09 möwsüminden bäri ilkinji gezek bäşinji ligadan aşakdaky klub Kubokda ýeňijini ýaryşdan çykardy. Geň tarapy, şol taryhy möwsümde hem ýaryşdan çykarylan topar hut «Kristal Pelas» bolupdy.
«Maklsfildi» häzirki wagtda Jon Runi — «Mançester Ýunaýtediň» we Angliýa futbolynyň rowaýaty Ueýn Runiniň kiçi dogany türgenleşdirýär. Jon Runi entek tälimçi hökmünde täze başlan bolsa-da, bu ýeňiş onuň karýerasyndaky iň uly üstünlikleriň biri boldy. Ueýn Runi hem ýeňişden soň:
"Kiçi inim üçin diýseň buýsanýaryn. Tälimçi hökmünde gysga wagtda şeýle üstünlik gazanmagy ajaýyp" – diýip belläp geçdi.
Klubuň eýesi Rob Smetherst hem duýgularyny gizlemedi. Ol 2020-nji ýylda kluby satyn alandygyny we şonda munuň şeýle netijelere eltjekdigini hiç wagt göz öňüne getirmändigini aýtdy.

Angliýanyň Kubogy şu möwsüm hem özboluşly ruhuny görkezýär. Bir gün öň hem ýene bir öwrülişik boldy — «Rekshem» 1/32 finalda «Nottingem Foresti» utup, ýaryşdan çykardy. Duşuşyk örän dartgynly ýagdaýda geçdi. Esasy wagtda taraplar 3:3 hasaby bilen deňme-deň oýnady. «Rekshemiň» düzüminde Liberato Kakase, Oliwer Ratboun we Dominik Haýem tapawutlandy. «Nottingem Forestiň» jogap gollaryny bolsa Igor Žezus hem-de Kallum Hadson-Odoi (2 gol) geçirdi. Goşmaça wagtda hasap üýtgemedi, penalti tapgyrynda bolsa «Rekshem» 4:3 hasaby bilen üstün çykdy.

Bu ýeňiş bilen «Rekshem» 26 ýyldan soň ilkinji gezek Angliýanyň Premýer-ligasynda çykyş edýän kluby Angliýanyň Kubogynda ýeňmegi başardy. Şeýlelikde, aşaky ligadaky toparlaryň, ägirtleri ýaryşdan çykarmagy Kubogyň esasy bezegine öwrülmegini dowam etdirýär.
«Rekshem» soňky ýyllarda diňe meýdandaky oýny bilen däl, eýsem klubyň eýeleri bilen hem dünýäde tanalýar. Kluby Golliwudyň ýyldyzy Raýan Reýnolds hem-de aktýor Rob Makelhenni dolandyrýar. Olar 2023-nji ýylda kluby 2,1 million ýewra satyn alandan soň, «Rekshem» diňe bir futbol netijeleri bilen däl, eýsem media ünsi bilen hem öňe çykdy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

