APL. "Liwerpul" Konor Bredlini möwsümiň ahyryna çenli ýitirýär

«Liwerpul» klubynyň sag goragçysy Konor Bredli dyz şikesi sebäpli operasiýa geçirer. Bu barada klubyň resmi saýty habar berdi. 22 ýaşly futbolçy Premýer-ligada «Arsenal» bilen geçirilen duşuşygyň (0:0) ahyrynda şikes aldy.

Duşuşygyň soňky minutlarynda Bredli meýdançada ýykyldy we dyzyndan şikes aldy. Şol pursatda «Arsenalyň» hüjümçisi Gabriel Martinelli wagtyň geçmezligi üçin ýere ýatan şikesli futbolçyny meýdançadan itekläp çykarmaga synanyşdy we oňa topy zyňdy. Bu ýagdaý sosial ulgamlarda uly seslenme döretdi.

Oýnuň 95-nji minudynda «Liwerpulyň» baş tälimçisi Arne Slot Bredlini Jo Gomes bilen çalyşmaga mejbur boldy. Goragçy meýdançany gözýaş bilen terk etdi we nosilkada çykaryldy.

Soňra Martinelli sosial ulgamlarda Konor Bredliden ötünç sorap, şol pursatda şikesiň agyrdygyny bilmeýändigini we eden hereketine gynanýandygyny mälim etdi. "Sky Sports"-yň maglumatyna görä, braziliýaly futbolçy bu pursat sebäpli jezalanmaz.

Resmi taýdan dikeldiş möhleti yglan edilmedi, emma metbugat maglumatlaryna görä, Bredli häzirki möwsümiň ahyryna çenli meýdançalara dolanyp bilmez. Ol haç görnüşli baglamalaryň üzülmeginden halas boldy, emma çep dyzyndaky süňklere we baglamalara zeper ýetirdi.

Konor Bredli şu möwsümde «Liwerpulyň» düzüminde ähli ýaryşlarda 21 duşuşyga gatnaşyp, 2 asist etdi. «Liwerpul» häzirki wagtda 35 utuk bilen Premýer-liganyň sanawynda 4-nji orunda barýar. Goragçynyň klub bilen şertnamasy 2029-njy ýylyň iýun aýyna çenli hereket edýär.